RAÝAT JEMGYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

31 Iýul 2024
163

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen bedew batly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda raýat jemgyýeti has-da kämilleşýär. Bilşimiz ýaly, raýat jemgyýeti ýoluna geçmekliginiň özboluşly ýoly bar. Onuň döremegi we ösmegi üçin ykdysady, syýasy, durmuş şertler zerurdyr.

Raýat jemgyýeti hususy eýeçiligiň we bazar gatnaşyklarynyň bar ýerinde kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek, önümçilik pudaklarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip berkidilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.

Çemen AKYÝEWA
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň agzasy.