"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sanasaň sogaby bar

ýa-da ýedi hazyna barada söhbet Türkmeniň her bir pursat, waka, ahwal babatda jaýdar aýtgylary bar. Olar hasam kän bolandyr, ýöne nesiller oýlap-peýläp, özlerinden soňkulara iň makullaryny geçiripdirler. Mirasgär halypa Hangylyç Tagangylyjowyň ýedi hazyna barasyndaky makalasynda aýdylyşy ýaly, hakykatdan-da, hazynalaryň sanawy hemme ýerde birmeňzeş bolmaýar. Çarwamy ýa çomrumy, ýaşaýan ýeri deňiz ýakasymy ýa çöl etegimi — tapawudy ýok, hemmeler üçin deň-derejede hazyna saýylýan zatlar bar. Oglan-uşagyň okamagy, gyz-gelniň dokamagy, ekin ekilmegi, malyň bakylmagy hemmeleriň hazyna sanawynda bar. Başga käbir zatlary türkmen ýaşan döwründe we ýaýran çygrynda güzerany aýlamaga aýratyn hemaýat berýändigi, rysgalyna tigirçek bolýandygy üçin aýratynlap, hazyna hasabyna goşupdyr.

Şan-şöh­rat­ly be­dew­ler

Mer­da­na hal­ky­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap, aýap, kä­mil­leş­di­rip, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­rip ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şol aja­ýyp ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň tä­ze at­ha­na top­lu­my­na ba­ryp, ol ýer­de iş­le­riň bar­şy, ide­dil­ýän be­hiş­di be­dew­le­riň ýag­daý­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy, Han­beg at­ly be­de­we at­la­nyp, ge­zim et­me­gi hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but et­di. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi-de ýel­den ýüw­rük ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­nyň bar­ha beý­gel­ýän­di­gi­niň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­dy. El­bet­de, şeý­le aja­ýyp dö­wür­de be­dew at­la­ry­myz­da­ky reňk­ler ba­ra­da bil­mek hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. At­la­ryň reňk­le­ri ola­ry bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­ýan esa­sy ala­mat­la­r­dyr. Reňk­le­riň ne­sil­den-nes­le geç­ýän­di­gi se­bäp­li, olar bel­li bir de­re­je­de at­la­ryň to­hu­my­ny we ge­lip çy­ky­şy­ny

Ala­baý – milli guwanjymyz

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly aja­ýyp ese­rin­dä­ki: «Ata-ba­ba­la­ry­myz be­de­win­de my­ra­dy­ny, mil­li seç­gi­çi­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan ala­baý­la­ry­myz­da bol­sa, bag­ty­ny gö­rüp­dir­ler» di­ýen dür­dä­ne jüm­le­le­ri pe­der­le­ri­mi­ziň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da be­de­wi­ne, ala­ba­ýy­na go­ýan sar­pa­sy­nyň, hor­ma­ty­nyň, ola­ryň dur­muş­da­ky ga­dyr-gym­ma­ty­nyň örän ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bu hor­mat-sar­pa has uly be­lent­lik­le­re gö­te­ril­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýan­war­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu ýy­lyň 15—17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost at­ly türk­men ala­ba­ýy­nyň iki ugur bo­ýun­ça, ýag­ny aras­sa gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy, şeý­le hem buý­ru­gy ber­jaý et­mek­de düş­bü­li­gi we üns­lü­li­gi bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men ala­ba­ýy­nyň bäs­le­şik­ler­de my­na­syp bo­lan gü­wä­na­ma­la­ry­ny Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­ny

Habary kimden al, Görogly begden al...

Ýalňyz balam, algyn pendim,Ýurduň terk ediji bolma!Özüňden gaýry namardyňMinnetin çekiji bolma! Gyraty besle jul bile,Oturşgyn ähli il bile,Ölinçäň bedasyl bileMähriban bolujy bolma!

Ynsabyň ölçegi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Halk hakydasynyň göwheri — ata-babalarymyzyň bize miras goýan hekaýatlardyr rowaýatlary durşuna pähime ýugrulandyr. Mähriban Watanymyzyň ajaýyp döwri rowaçlyklaryň ýaran bolan döwrüdir, päk ýürekden edýän yhlasymyzyň miwesidir» diýip, milli ýörelgelerimiziň, türkmençilik däplerimiziň ähli döwürlerde hem  halkymyza we döwletimize wepaly, kämil ahlakly nesilleri terbiýelemekde ähmiýetlidigini ündeýär.   Hakykatdan-da,  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde-de, jahan içre şöhratynyň täze-täze üstünlikler bilen artmagynda-da ruhy gymmatlyklarymyzyň görnükli orny bar.

Şygyr äleminiň soltany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şonda çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Alym Arkadagymyzyň täze goşgusyny döredendigini aýtmagy we ony seýilgäh toplumynda okap bermegi halkymyzda uly ruhlanma döretdi. Akyldar şahyrymyz berkarar döwleti arzuwlan şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ajaýyp döwre ýetiren we gülledip ösdüren şahsyýetdir. Döwrümiziň şahyrana kalba eýe bolan kämil şahsyýeti Gahryman Arkadagymyz medeni mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýar.

Tamdyr ussasy

Mukaddeslik hakynda söz açylanda, öý-ojagyň agzybirliginiň we döwletliliginiň nyşany bolan tamdyr hakydaňa dolýar. Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde ýaşaýan Çary Baýmyradowlaryň maşgalasy tamdyr ýasamak senedini dowam etdirýär. Çary aganyň giň howlusynda sünnälenip ýasalan tamdyrlaryň hatar-hatar goýulmagy, toý-baýramly türkmeniň ak öýlerini ýatladýar. Golaýda biz işine yhlasly ussa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi: — Tamdyr ýasamak işi yhlasy, ezberligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Arassa gyzyl şykgyny suw bilen garyp, tamdyryň palçygyny taýynlaýarys. Içine saman, ýylgynyň pürüni garyp, aýak bilen depgiläp eýini ýetirýäris. Soňra üç gün ýaly demini berýäris. Eger palçyga goşulýan zatlar arassa bolmasa, tamdyryň içinde ot ýakylanda jaýryk atýar.

“Alajam-ak bagta ynamym meniň” atly bäsleşige

Sapaklaryň arzuwlardan işilen,Ýüpek ýoluň keşbin alan alaja!Ýagşy niýet bilen açyp işigim,Ýagtylyga ak ýol salan alaja!

Änew medeniýeti: nagyşlarda saklanan syrlar

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ençeme heňňamlar aşyp, özünde gymmatly maglumatlary jemlän, umumadamzat medeniýetine uly goşant goşan medeni ýadygärlikler biziň topragymyzda örän köp. Olaryň biri hem Günorta Türkmenistanyň oturymly-ekerançylygyna degişli Änew medeniýetidir. Änewiň meşhur taryhy depeleri Aşgabadyň gündogarynda ýerleşip, olar ekerançylyk bilen meşgullanan iň gadymy ýaşaýjylardan galan ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler barada ilkinji gezek 1886-njy ýylda Zakaspi oblastynyň başlygy, general A.W.Komarow söz açýar. Ol Änewiň demirgazyk depesinde ilkinji gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. A.W.Komarowyň bu baradaky habary Sankt-Peterburgyň «Nowosti» gazetinde hem-de ýerli «Aşgabat» gazetinde çap edilipdir. Soňra bu ýadygärlikde amerikaly alym Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda gazuw-barlag işleri geçirilýär. Toparyň Änewiň demirgazyk depesinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, «Änew I» we «Änew II» medeni gatlaklaryň üsti açylýar. Olar «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylan oturymly-ekerançylyk medeniýetini emele getirýär. Geçirilen gazuw-barlag işleriniň has ajaýyp açyşlarynyň biri-de, Änewiň demirgazyk depesiniň medeni gatlaklaryndan däneli ekinleriň galyndylarynyň aýratyn däne, gabyk we kök görnüşinde tapylmagydyr. Bugdaýdygy mese-mälim bildirip duran tapyndylar ata-babalarymyzyň bu ýerde däneli ekinleri ösdürip ýetişdirendiklerini subut

Geçmişden geljegiň şäherine

Dünýä siwilizasiýanyň ösüşine mynasyp goşant goşan Gadymy Nusaý, Merw, Köneürgenç, Änew, Altyndepe, Goňurdepe, Amul, Sarahs, Abiwerd, Zemm, Dehistan, Şähryslam ýaly gadymy şäherlerimiz türkmen taryhyna, medeniýetine, galyberse-de, dünýä ösüşine önjeýli goşant goşan taryhy ýerlerdir. Dogrusy, ynsan eli bilen bina edilen bu özboluşly taryhy ymaratlary taryplamakdan dil ejiz gelýär. Bu ajaýyp dag eteginde «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütleri boýunça gurlan Arkadag şäheri babatda hem şeýledir. Ýagty geljegiň buşlukçysy bolup şöhle saçýan şäher binalarynyň göze gelüwli keşbi ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşleri barada söz açýar, gözüňi dokundyrýar. Şäher ata Watanymyzyň jigeri, milletimiziň mähir ojagy, türkmeniň sarsmaz kalbynyň hoş owazly aýdymydyr. Zemine ýaraşyk çaýýan ajaýyp zynaty bilen sazlaşykly ýaňlanýan ol owaz ýaşaýşyň bagt senasy bolup dünýäni haýrana goýýar. Bäş müň ýyldan gowrak taryha eýe bolan bu gojaman topragyň merdana halky gurmak, döretmek, bina galdyrmak diýen düşünjä mukaddeslik hökmünde garapdyr. Eýsem, owalbaşdan taryhyň sahypalarynda yz galdyryp, Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň tutuş çäginde diýen ýaly ululy-kiçili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmen dälmidir?!

Änew — şanly taryhymyzyň täze sahypasynda

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy. Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda giň gerime eýe boljak bu çäreleriň mazmunynda gadymy türkmen topragynyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigi hakyndaky hakykat a

Sungata öwrülen senet

Meýliňde öwrenmek bar bolsa, durmuş durşuna sapak. Ömrüň her güni, her möwsümi bizi, gör, näçe hyýala atarýar, öňümizde näçe ýollary goýýar. Ýakyny-daşy bar, aňsady-kyny bar, könesi-täzesi bar, garaz, özüňe makulyny, ýagny agtarýanyňa ýetirjegini saýlamaly. Dogry saýlap bilenleriň dünýäsi bir başgadyr. Tagtabazar etrabynda ýaşaýan Döwlet Seýitjanow bilen tanyşmak we onuň saýlap alan täsin kesbine hyzmaty barada ýazmak pikiri mende irräk döräpdi. Aýdym-saz sungatyna ýakyn, bagşy-sazandalaryň ençemesi bilen dostana gatnaşykda bolamsoň, kitaphanamda audio-wideo ýazgylaryň uly toplumy bar. Soňky 30 ýyldan gowrak wagt bäri, Pendi ilinden gowuşýan bagşyly ýazgylaryň aglabasynyň başynda okalýan seneden başga üýtgewsiz bir ýazgy bar: «Ýazgy Tagtabazar şäherçesinde ýaşaýan Döwlet Seýitjanowlaryň döwletli ojagynda ýerine ýetirildi. Diňläň, lezzet alyň, eziz ildeşler!».

Belent ynama ygrarlylyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çap edilip, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy bagtyýar halkymyz üçin uly sowgat boldy. Kitabyň hormatly Prezidentimiziň halka, Watana bolan belent söýgüsinden başlanýadygyny aýratyn bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz kitabynyň başynda: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär» diýip belleýär. Täze kitap, aýratyn hem, türkmen ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy. Sebäbi onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri örän täsirli beýan edilýär. Ajaýyp kitapda türkmenistanly ýaşlaryň yzygiderli aladadyr goldawyň netijesinde, ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara ynamly çykýandygy anyk maglumatlar esasynda beýan edilýär. Ýaşlaryň geçen ýylda bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, halk hojalygy pudaklarynda we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynda gazanan döwlet we halkara derejelerindäki üstünlikleri şol maglumatlaryň hatarynda orun alýar. Bagtyýar türkmen ýaşlary üçin ýol-ýörelge boljak, dür mazmunly bu kitaby okadygyňça, halkymyzyň kitaba bolan belent söýgi-sarpasynyň örän ýerliklidigine, kitap okamagyň ähli döwürlerde-de ruhy zerurlyk bolup durýandygyna hem-de ynsan üçin iň a

Magtymgulynyň keşbini döreden nakgaş

Magtymguly Pyragy diýlende, ilki bilen, mekdep partasynda oturyp okan okuw kitaplarynyň sahabynda ýerleşdirilen ýa-da bolmasa diwaryň görnükli ýerinde asylgy duran suraty göz öňüne gelýär. Ine, bu suraty çekip, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini adamzadyň aňyna siňdiren nakgaş Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew barada kelam agyz ýazmagy makul bildik. 1924-nji ýylda dünýä inen Aýhan Hajyýew çagalykdan sungata höwesli bolýar. Aýratynam, surat çekmäge bolan ukyby has-da öňe çykýar. El işlerinden keşde çekmäge ökde bolan ejesi oglanjygyň bu ugurdaky zehinini ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Onuň kakasynyň biwagt aradan çykmagy maşgalany köp kynçylyklara sezewar edýär. Mugallymçylyk we terjimeçilik bilen meşgullanýan daýysy ýaşajyk Aýhan bilen onuň doganyna hemmetaraplaýyn hemaýat berýärdi. Olara wagtal-wagtal Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okap berýär eken. Zehinli çagalaryň ýat tutan goşgularyny höwes bilen diňlär eken.

Türk­men ala­ba­ýy — çem­pi­on

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­sy bu gün­ki gün dün­ýä iç­re da­ba­ra­lan­ýar. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lan türk­men ala­ba­ýy özü­niň aras­sa gan­ly­ly­gy­ny, owa­dan­ly­gy­ny, düş­bü­li­gi­ni, üns­lü­li­gi­ni ýer ýü­zün­de yk­rar et­dir­ýär. Mu­ny 2024-nji ýy­lyň 15 — 17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­ty hem tu­tuş aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di. On­da ýe­ňi­ji­ler aras­sa gan­ly­lyk, owa­dan­lyk, buý­ru­gy ber­jaý et­mek uky­by we beý­le­ki hä­si­ýet­na­ma­lar bo­ýun­ça saý­la­nyl­dy. «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça çem­pio­na­ta tu­tuş Rus­si­ýa bo­ýun­ça 200-e go­laý it gat­naş­dy. Ne­ti­je­de, 2021-nji ýyl­da hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost (Ak­dus) at­ly türk­men ala­ba­ýy «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» di­ýen ýa­ryş­da iki ugur bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da türk­men ala­ba­ýy dün­ýä­de meş­hur to­hum­la­ryň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­di. Mu­nuň özi te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ýan hal­ky­my­zyň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň esas­lan­dy­ran halk seç­gi­çi­li­gi­niň ha­ky

Şan­ly to­ýuň gut­ly bol­sun Py­ra­gy!

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Akyl­da­rym, söz­leň mer­je­ni sen­de, Şy­gyr­lar­ňa älem haý­ran Py­ra­gy,Geç­miş­den şu gü­ne gel­jek ha­kyn­da,Eser­le­riň bu ­gün dün­ýäň çy­ra­gy,

Ak öý­le­riň ke­çe­le­ri

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Dynç alyş­da ma­mam­la­ra gez­mä­ge bar­dym. Şon­da daý­zam ma­ma­myň ga­ýyn ene­sin­den mi­ras ga­lan di­ýip, tä­sin bir ke­çä­ni gör­kez­di. Ke­çe di­ýip, ol do­ly ke­çe däl­di. Tüý­dü­lip ha­lys kö­ne­len­soň, onuň or­ta­syn­dan deň ýa­ry ke­si­lip aý­ry­lyp­dyr. Tä­sin diý­ýä­nim, ol ada­ty ke­çe­ler ýa­ly dört gy­ran däl­di. Bir bur­çy ke­si­len te­ge­lek şe­ki­lin­de ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de­di. Öýe ge­lem­soň, bu tä­sin ke­çe ba­ra­da ka­ka­myň ýa­nyn­da gür­rüň edem­de, ka­kam onuň se­bä­bi­ni dü­şün­dir­di.

Müňýyllyklaryň edebi mirasy

Golaýda ýurdumyzda geçirilen «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda iki doganlyk halkyň ylym wekilleri orta asyr Gündogar edebiýatynda, sopuçylyk ylmynda görnükli orun eýelän Mäne babanyň ömrüne we döredijiligine, ýaşan döwründäki syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýetiren täsirine degişli täze maglumatlar, ylmy işler boýunça pikir alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar keramatly piriň guburynyň üstünde bina edilen kümmete zyýarat edip, orta asyr binagärlik toplumynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dowam eden maslahatda çykyş edenler aryf şahyryň eserlerinde beýan edilýän gymmatly pikirleriň many-mazmuny we onuň aramgähiniň çäginde ýüze çykarylan tapyndylar bilen baglanyşykly ylmy täzelikleri halk köpçüligine ýetirdiler. Khodaýar Ebrahim MOHAMMADESMAEIL,

Şöhratly geçmişiň, röwşen geljegiň mekany

Gadymy Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikan geology Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Hubert Şmidtiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, altyn başly ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Ak bugdaýyň iň gadymy nusgasyny döretmek üçin ýabany ösýän bugdaý däneleri ýygnalyp, tekizlenen ekin meýdanlaryna sepilipdir hem-de yzygiderli suwarmak arkaly ýetişdirilipdir. Munuň özi bugdaýyň iki garynjykly, dokdäne bolup ýetişmegine, şol bir wagtda-da, onuň ununyň reňkiniň has ak bolmagyna getiripdir. Ylmy gözlegler änewli daýhanlaryň bugdaýy suwarmagyň iň gadymy görnüşleriniň birini, ylymda atlandyrylyşy ýaly, «liman» — ýokardan aşak ýapgytlaýyn suwaryş usulyny ulanandyklaryny tassyklady. Änew şäheriniň ilaty hem-de ekerançylyk ýerleri Kelteçynar atly derýanyň suwy bilen üpjün edilipdir. Günorta we demirgazyk arheologiýa depeleri hem-de häzirki wagta çenli saklanyp galan orta asyr şäheriniň galyndylary bolan Seýit Jemaleddin metjidi hut Köpetdagdan gözbaş alýan şol gadymy derýanyň kenarynda döräpdir. Bu bolsa şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Änew şäheriniň rysgal-bereketli, bol hasylly ekinzarly

Milli gymmatlyklar göwher mysaly

Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär. Munuň şeýledigine Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar nobatdaky subutnamadyr. Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy, Hanbeg atly bedewi bilen gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.