Belent ynama ygrarlylyk

30 Ýanwar 2024
668

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çap edilip, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy bagtyýar halkymyz üçin uly sowgat boldy. Kitabyň hormatly Prezidentimiziň halka, Watana bolan belent söýgüsinden başlanýadygyny aýratyn bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz kitabynyň başynda: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär» diýip belleýär. Täze kitap, aýratyn hem, türkmen ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy. Sebäbi onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri örän täsirli beýan edilýär. Ajaýyp kitapda türkmenistanly ýaşlaryň yzygiderli aladadyr goldawyň netijesinde, ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara ynamly çykýandygy anyk maglumatlar esasynda beýan edilýär. Ýaşlaryň geçen ýylda bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, halk hojalygy pudaklarynda we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynda gazanan döwlet we halkara derejelerindäki üstünlikleri şol maglumatlaryň hatarynda orun alýar. Bagtyýar türkmen ýaşlary üçin ýol-ýörelge boljak, dür mazmunly bu kitaby okadygyňça, halkymyzyň kitaba bolan belent söýgi-sarpasynyň örän ýerliklidigine, kitap okamagyň ähli döwürlerde-de ruhy zerurlyk bolup durýandygyna hem-de ynsan üçin iň ajaýyp sowgadyň gowy kitaplardygyna bolan ynamyň has-da berkeýär.

Durmuş tejribesinden ýüki ýetik pederlerimiziň dana sözlerinden görnüşi ýaly, kitap — paýhas çeşmesi, ol — keremli sözlerden bina edilen ajaýyp köşk mysaly miras. Pederlerimiz: «Kitaby köp okaýan millet dünýä nusgalyk medeniýeti döretmäge ukyplydyr» diýipdirler. Biziň merdana ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri kitaba teşnelik bilen göwün goýan, ony keramat hökmünde sarpalap okan, ýat tutan, şeýlelikde, medeniýetiň altyn gaznasyny döreden milletiň wekilleridir. Taryhyň beýany, ýaşaýşyň kyssalary, döwrüň habarlary, geljegiň umyt-maksatlary kitap gatlarynda jemlenýär. Kitap diňe bir ruhy ösüşe itergi berýän çeşme bolman, eýsem, halkyň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň baýlaşmagyna-da ýol açýar.

Azym KERTIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.