Müňýyllyklaryň edebi mirasy

25 Ýanwar 2024
649

Golaýda ýurdumyzda geçirilen «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen hem-de eýran alymlarynyň ylmy maslahaty netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda iki doganlyk halkyň ylym wekilleri orta asyr Gündogar edebiýatynda, sopuçylyk ylmynda görnükli orun eýelän Mäne babanyň ömrüne we döredijiligine, ýaşan döwründäki syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýetiren täsirine degişli täze maglumatlar, ylmy işler boýunça pikir alyşdylar, tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar keramatly piriň guburynyň üstünde bina edilen kümmete zyýarat edip, orta asyr binagärlik toplumynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dowam eden maslahatda çykyş edenler aryf şahyryň eserlerinde beýan edilýän gymmatly pikirleriň many-mazmuny we onuň aramgähiniň çäginde ýüze çykarylan tapyndylar bilen baglanyşykly ylmy täzelikleri halk köpçüligine ýetirdiler.

Khodaýar Ebrahim MOHAMMADESMAEIL,