«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024
Dynç alyşda mamamlara gezmäge bardym. Şonda daýzam mamamyň gaýyn enesinden miras galan diýip, täsin bir keçäni görkezdi. Keçe diýip, ol doly keçe däldi. Tüýdülip halys könelensoň, onuň ortasyndan deň ýary kesilip aýrylypdyr. Täsin diýýänim, ol adaty keçeler ýaly dört gyran däldi. Bir burçy kesilen tegelek şekilinde ýarym aýlaw görnüşindedi. Öýe gelemsoň, bu täsin keçe barada kakamyň ýanynda gürrüň edemde, kakam onuň sebäbini düşündirdi.