Geçmişden geljegiň şäherine

31 Ýanwar 2024
556

Dünýä siwilizasiýanyň ösüşine mynasyp goşant goşan Gadymy Nusaý, Merw, Köneürgenç, Änew, Altyndepe, Goňurdepe, Amul, Sarahs, Abiwerd, Zemm, Dehistan, Şähryslam ýaly gadymy şäherlerimiz türkmen taryhyna, medeniýetine, galyberse-de, dünýä ösüşine önjeýli goşant goşan taryhy ýerlerdir. Dogrusy, ynsan eli bilen bina edilen bu özboluşly taryhy ymaratlary taryplamakdan dil ejiz gelýär.

Bu ajaýyp dag eteginde «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütleri boýunça gurlan Arkadag şäheri babatda hem şeýledir. Ýagty geljegiň buşlukçysy bolup şöhle saçýan şäher binalarynyň göze gelüwli keşbi ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşleri barada söz açýar, gözüňi dokundyrýar. Şäher ata Watanymyzyň jigeri, milletimiziň mähir ojagy, türkmeniň sarsmaz kalbynyň hoş owazly aýdymydyr. Zemine ýaraşyk çaýýan ajaýyp zynaty bilen sazlaşykly ýaňlanýan ol owaz ýaşaýşyň bagt senasy bolup dünýäni haýrana goýýar. Bäş müň ýyldan gowrak taryha eýe bolan bu gojaman topragyň merdana halky gurmak, döretmek, bina galdyrmak diýen düşünjä mukaddeslik hökmünde garapdyr. Eýsem, owalbaşdan taryhyň sahypalarynda yz galdyryp, Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň tutuş çäginde diýen ýaly ululy-kiçili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmen dälmidir?!

Batyr ILAMANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.