"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Salam, päk arzuwlaryň pasly

Salam güýz, salam, zerbap donly pasyl! Altyn ysyrgaňy dakynyp, bosagadan ätleýşiň, gül kamatyňa sünnä bilen timar berip gelşiň köňülleri bendiwan eýleýär. Sary ýapraklara gujagyndan orun beren güýzüň zerbap kamaty didelerimizi dokundyrýar. Töwerek zerden don geýipdir. Asmana seretseň, ol ýaýlyp ýatan giňişlik zerbap halyny düşenen zemine maýyl bolup bakýar. Ýapraklaryň pyşyrdysyny diýsene?! Baglaryň içi bilen haýaljakdan ädimläp barşyňa, ýere düşelen ýapraklaryň şybyrdysyna diň salarsyň. Olar her güýzde topraga düşelip, mymyk çybşyldylaryny tebigata ýaýýar. Hon-ha, ýabyň boýunda ösüp oturan leýlisaç, güýzüň aýdymyny aýdýar. Onuň şelpeleriniň — ýapraklarynyň owazynda bu barlyga mizemez söýgi hem bendiwanlyk jem bolupdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +29... +31° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Ýyl­dy­za iň ýa­kyn dag

Dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy­nyň Gi­ma­laý dag­la­ryn­da­ky Ewe­rest (Jo­mo­lung­ma hem di­ýil­ýär) de­pe­si­di­gi hem­mä mä­lim bol­sa ge­rek. Em­ma bu kes­git­le­me be­lent­li­giň öl­çe­nip baş­lan­ýan ýe­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Ewe­rest or­ta­ça de­ňiz de­re­je­sin­den öl­çe­nen­de iň be­ýik dag (8 müň 848 metr) ha­sap­lan­ýar. As­lyn­da, Ýer ýü­zü­niň iň be­ýik no­ka­dy as­ma­na iň ýa­kyn no­kat bol­ma­ly. Em­ma bu da­gyň çür de­pe­si Ýe­riň kos­mo­sa iň ýa­kyn no­ka­dy däl. Ewe­rest Ýe­riň mer­ke­zin­den iň uzak­da­ky no­kat hem däl. Mu­nuň se­bä­bi da­gyň be­ýik­li­gi­niň de­ňiz de­re­je­si­ne gö­rä öl­çen­me­gi bi­len bag­ly. Ýer to­ga­la­gy­nyň mer­ke­zi ha­sa­ba al­nan­da, iň be­ýik dag And dag ul­ga­myn­da­ky Çim­bo­ra­so ha­sap­lan­ýar. Bu da­gyň pla­ne­ta­my­zyň mer­ke­zin­den uzak­ly­gy 6 müň 384 ki­lo­metr­dir. Bu gör­ke­zi­ji Ewe­rest­de 6 müň 382 ki­lo­metr. Ara­da­ky ta­pa­wut ba­ry-ýo­gy 2 ki­lo­metr hem bol­sa, Çim­bo­ra­so has be­ýik ha­sap­lan­ýar. Iki da­gyň ara­syn­da­ky ta­pa­wut ýe­riň tos-to­ga­lak däl-de, bir­ne­me süý­ri bol­ma­gy bi­len bag­ly. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer to­ga­la­gy Ek­wa­tor gu­şak­ly­gyn­da has süý­ri, pol­ýus­lar­da bol­sa ýa­sy­rak­dyr. Bu bol­sa Ek­wa­to­ra ýa­kyn ýer­le­riň has be­lent­de ýer­leş­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, Ek­wa­tor Ýe­riň ýad­ro­sy­na – mer­ke­zi­ne has uzak­da ýer­leş­ýär. Çim­bo­ra­so da­gy Ek­w

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 9-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Döwrüň täsin gudraty

Dünýe döräpdir-de munda ençeme täsinliklere duş gelmek bolýar. Tebigy gözellikler, ynsan paýhasy bilen dörän täsinlikler ençeme asyrlaryň gyzyklanmasyny özüne siňdirip gelýärler. Biziň häzirki gürrüňini etjek bolýanymyz döwrüň täsin gudraty hasaplanýan «Altyn asyr» Türkmen köli. Türkmeniň göwnüňe jüňk bolýan sözleri bardyr. Pederlerimiz «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşýarkaň, hakykatdanam, ynsanyň eli bilen döreýän bu kölüň asyrlara uzajak tarypynyň süýji söhbetlerden başlanjakdygyna göz ýetirýärsiň. Ajaýyp zamanamyzyň taryhynda, dünýäň kartasynda mynasyp yz goýjak «Altyn asyr» Türkmen köli döwrüň gudraty bolup görünýär. Aňyrsyna göz ýetmeýän sähralykdan gadam urýarkaň näçe ümsümligem bolsa içiň gysmaz. Çünki ol ümsümlik saňa gözelligiň tarypyny sözleýändir. Eger ýoluň düşüp Garagum sähralyklaryna syýahat edäýseň, altynsow çägeleriň aýdymy gulagyňa hoş ýakar. Jahan ýagtylyp ugrandan ýaňaklaryna säheriň nemini siňdiren çägeler dür dänejikleri kimin öwşün atýandyr. Gözüňi gamaşdyrýan gözellik döwrüň bagtyýarlygy bilen sazlaşýandyr. Haýwanat hem ösümlik dünýäsine baý sähralygy synladygyňça döwrüň beýikligi açylýar. Munda ösüşli hem özgerişli zamana mese-mälim görünýär. Watanyň bu gözel künjegi hüwdi bilen joşýandyr, mähir bilen taplanyp, söýgi bilen ösýändir. Hawa, bu gözel künjekde döwrüň beýik taslama

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Arnap tokaýjygynyň gözelligi

Güneşli ülkämiziň gözel tebigaty täsinliklere örän baýdyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlyklara eýe bolan künjekleriniň biri hem Köýtendagdyr. Bu ýeriň haýwanat we ösümlik dünýäsinde dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelinýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň hakyky dürdänesi bolan bu ajaýyp ýer tebigaty söýüjiler üçin hakyky jennet mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň I tomunda arnabyň dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, şypalanmak hakynda giňişleýin we düşnükli beýan edilýär. Häzir bu täsin ösümlik ýurdumyzyň köp ýerlerinde medeni ösümlikleriň hatarynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Balyklar hakda täsinlikler

Dünýäde iň uly balyk kit akulasydyr. Ýer ýüzünde öň ýaşap, häzirki wagtda ýitip ýok bolup giden balyklaryň arasynda iň iri balyk— megalodon (akulanyň aňyrsy) we lidsihtis (planktonlar bilen iýmitlenýän aşa äpet balyklaryň geçmişdäki görnüşi) balyklarydyr. Olaryň ululyk ölçegleri 16-18 metre ýetip, häzirki wagtda hem olara bolan garaýyşlar jedellidir.

Kaknus guşuň owazy

Gadym eýýamda bir patyşalygyň serhowuzly, alma-enarly, gül-gunçaly çarbagynda bir ajaýyp guş saýrar eken. Ol guşuň özi naşyja, kiçijik bolsa-da, onuň şirin owazy patyşalygyň ähli künjegine ýaýrar eken. Ol guşuň owazyny eşiden ýaşaýjylar her bir günlerini şadyýanlykda, bagtyýarlykda geçiripdirler. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmändir. Şol günleriň birinde ýurduň patyşasy agyr näsaglapdyr. Patyşa edilen emler, melhemler netije bermändir. Patyşa gurrandazlaryny, köşk emeldarlaryny, din hadymlaryny ýanyna çagyryp, öz derdine em tapmagy tabşyrýar. Ozaldan hem owadan owaz edýän, adamlara ruhy lezzet berýän saýrak guşdan dynmagyň hajatyny gözläp ýören ýaranjaňlar şol günüň ertesi patyşanyň huzuryna gelip:

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Arça — dagyň bezegi

Arça gyşyn-ýazyn ýaşyl öwsüp, gojaman daglara ýaşaýşyň öwüşginini çaýýan täsin we peýdaly daragtlaryň biridir. Onsuz dag tebigatyny göz öňüne getirmek-de kyn. Arça gaýa daşlarynyň düýbünden kök urup, tebigatyň gaý-tupanyna, syrgyn-harasadyna, ýel-ýagmyryna per bermän, misli daglaryň özünden nusga alýan ýaly, uzak ömür sürýär. Olar Ýer ýüzünde 50 million ýyl bäri ösýän gadymy daragtlaryň biri hasaplanýar. «The Plant List» («Ösümlikleriň sanawy»—ösümlikler baradaky ensiklopedik maglumat çeşmesi) internet-taslamasynyň maglumatlaryna görä, arçanyň dünýäde biri-birinden ösüşi, durkunyň gurluşy, ýapraklarynyň reňki, miwesi taýdan tapawutlanýan 75 görnüşi hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda bu daragt Wengriýada, Italiýada has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Ýabany arça Ýewropada, Amerikada, demirgazyk Aziýada duşýar. Arça gyrymsy agaç görnüşinde 1-3 metr, uly daragt görnüşinde 12-30 metre çenli ösüp boý alýar. Ýöne bu agaç örän haýal ösýär. Ýüz ýaşan käbir arçanyň boýy 5 metrden geçmeýär. Ol ortaça 200-300 ýyl ýaşaýar. Ýöne 500-600 ýyl bäri ösüp oturanlaryna-da duş gelmek mümkin. Häzirki wagtda iň uzak ýaşan arça Krymda ösýär. Alymlaryň çaklamasyna görä, agajyň 2000 ýyl ömri bar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Güýz paslynyň täsinligi

Ýaşaýyş pasyllaryň sazlaşykly aýlanyşygy bilen dowam edýär. Adam ykbaly hem bu ýaşaýyş aýlawynyň tizligine goşulyp hereket edýär. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly: Biziň täleýlermiz, ykballarymyz aýlanyp dur dört pasylyň içinde.

Zümerret agajy

Wengriýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Balaton kölüniň golaýynda ekilen täsin gibrid agaçlary ýurtda howanyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär. «Paulownia Clone In Vitro 112» atly bu agaçlar başgaça, zümerret agajy diýlip hem atlandyrylýar. Bu agaçlaryň her gektary bir ýylda 100 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Kökleriniň hapalanan topragy arassalamaga bolan ukyby bolsa, onuň ýene bir özboluşly aýratynlygydyr. Zümerret agajy daşky üýtgäp durýan şertlere, ýylylyga hem-de aýaza çydamly bolup, onuň ösmegi üçin adatça, beýleki agaçlaryň talap edýän suwunyň ýarysy hem ýeterlikdir. Şeýle-de, ol 5 – 6 ýylda 20 metre çenli ösýär, otuz ýylda olar eýýäm kesmäge ýaramly bolýar. Mebel önümçiligi üçin ýöriteleşdirilen agaçlaryň kesmäge ýaramlylyk wagty 60 – 80 ýyla golaýdyr. Bu agajyň ýapraklary uly bolup, gowy kölege berýär, howany arassalaýar we çyglandyrýar. Wengriýada ösdürilýän bu agaç bilen dünýäniň birnäçe ýurtlary, şol sanda Afrika döwletleri hem gyzyklanyp ugrady. Çünki zümerret agajy önümçilik üçin çalt ýetişýän peýdaly çig maldyr. Ondan ýasalan gapylardyr penjireler ýeňil we amatly bolup, ýasalan mebel önümleri ekologiýa taýdan arassa hem-de howpsuzdyr.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25%.