Arnap tokaýjygynyň gözelligi

8 Sentýabr 2021
1402

Güneşli ülkämiziň gözel tebigaty täsinliklere örän baýdyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlyklara eýe bolan künjekleriniň biri hem Köýtendagdyr. Bu ýeriň haýwanat we ösümlik dünýäsinde dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelinýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň hakyky dürdänesi bolan bu ajaýyp ýer tebigaty söýüjiler üçin hakyky jennet mekanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň I tomunda arnabyň dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, şypalanmak hakynda giňişleýin we düşnükli beýan edilýär. Häzir bu täsin ösümlik ýurdumyzyň köp ýerlerinde medeni ösümlikleriň hatarynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Gülhumar BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.