Zümerret agajy

5 Sentýabr 2021
1320

Wengriýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Balaton kölüniň golaýynda ekilen täsin gibrid agaçlary ýurtda howanyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär. «Paulownia Clone In Vitro 112» atly bu agaçlar başgaça, zümerret agajy diýlip hem atlandyrylýar. Bu agaçlaryň her gektary bir ýylda 100 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Kökleriniň hapalanan topragy arassalamaga bolan ukyby bolsa, onuň ýene bir özboluşly aýratynlygydyr. Zümerret agajy daşky üýtgäp durýan şertlere, ýylylyga hem-de aýaza çydamly bolup, onuň ösmegi üçin adatça, beýleki agaçlaryň talap edýän suwunyň ýarysy hem ýeterlikdir. Şeýle-de, ol 5 – 6 ýylda 20 metre çenli ösýär, otuz ýylda olar eýýäm kesmäge ýaramly bolýar. Mebel önümçiligi üçin ýöriteleşdirilen agaçlaryň kesmäge ýaramlylyk wagty 60 – 80 ýyla golaýdyr. Bu agajyň ýapraklary uly bolup, gowy kölege berýär, howany arassalaýar we çyglandyrýar. Wengriýada ösdürilýän bu agaç bilen dünýäniň birnäçe ýurtlary, şol sanda Afrika döwletleri hem gyzyklanyp ugrady. Çünki zümerret agajy önümçilik üçin çalt ýetişýän peýdaly çig maldyr. Ondan ýasalan gapylardyr penjireler ýeňil we amatly bolup, ýasalan mebel önümleri ekologiýa taýdan arassa hem-de howpsuzdyr.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.