Döwrüň täsin gudraty

8 Sentýabr 2021
1460

Dünýe döräpdir-de munda ençeme täsinliklere duş gelmek bolýar. Tebigy gözellikler, ynsan paýhasy bilen dörän täsinlikler ençeme asyrlaryň gyzyklanmasyny özüne siňdirip gelýärler. Biziň häzirki gürrüňini etjek bolýanymyz döwrüň täsin gudraty hasaplanýan «Altyn asyr» Türkmen köli. Türkmeniň göwnüňe jüňk bolýan sözleri bardyr. Pederlerimiz «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşýarkaň, hakykatdanam, ynsanyň eli bilen döreýän bu kölüň asyrlara uzajak tarypynyň süýji söhbetlerden başlanjakdygyna göz ýetirýärsiň. Ajaýyp zamanamyzyň taryhynda, dünýäň kartasynda mynasyp yz goýjak «Altyn asyr» Türkmen köli döwrüň gudraty bolup görünýär.

Aňyrsyna göz ýetmeýän sähralykdan gadam urýarkaň näçe ümsümligem bolsa içiň gysmaz. Çünki ol ümsümlik saňa gözelligiň tarypyny sözleýändir. Eger ýoluň düşüp Garagum sähralyklaryna syýahat edäýseň, altynsow çägeleriň aýdymy gulagyňa hoş ýakar. Jahan ýagtylyp ugrandan ýaňaklaryna säheriň nemini siňdiren çägeler dür dänejikleri kimin öwşün atýandyr. Gözüňi gamaşdyrýan gözellik döwrüň bagtyýarlygy bilen sazlaşýandyr. Haýwanat hem ösümlik dünýäsine baý sähralygy synladygyňça döwrüň beýikligi açylýar. Munda ösüşli hem özgerişli zamana mese-mälim görünýär. Watanyň bu gözel künjegi hüwdi bilen joşýandyr, mähir bilen taplanyp, söýgi bilen ösýändir. Hawa, bu gözel künjekde döwrüň beýik taslamasy amala aşýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasy Türkmenistanyň dünýäniň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän meseleleri bolan ekologiýa goraglylygyna, suwy aýawly ulanmaga, tebigy gözelliklere juda sarpaly çemeleşmäge goşandynyň bir bölegidir. Munuň tutuş Merkezi Aziýa üçin juda ähmiýetlidigi barada oýlanmagyň ýakymyny diýsene! Onuň amala aşyrylmagy bilen sebitiň ekologiýasynyň özgermegine ýetirjek täsiri adam baradaky edilýän aladanyň datly miwesidir.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist.