Salam, päk arzuwlaryň pasly

10 Sentýabr 2021
2086

Salam güýz, salam, zerbap donly pasyl! Altyn ysyrgaňy dakynyp, bosagadan ätleýşiň, gül kamatyňa sünnä bilen timar berip gelşiň köňülleri bendiwan eýleýär. Sary ýapraklara gujagyndan orun beren güýzüň zerbap kamaty didelerimizi dokundyrýar. Töwerek zerden don geýipdir. Asmana seretseň, ol ýaýlyp ýatan giňişlik zerbap halyny düşenen zemine maýyl bolup bakýar. Ýapraklaryň pyşyrdysyny diýsene?! Baglaryň içi bilen haýaljakdan ädimläp barşyňa, ýere düşelen ýapraklaryň şybyrdysyna diň salarsyň. Olar her güýzde topraga düşelip, mymyk çybşyldylaryny tebigata ýaýýar.

Hon-ha, ýabyň boýunda ösüp oturan leýlisaç, güýzüň aýdymyny aýdýar. Onuň şelpeleriniň — ýapraklarynyň owazynda bu barlyga mizemez söýgi hem bendiwanlyk jem bolupdyr.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.