"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Gahrymançylyk unudylmaýar

Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara hem-de tylda edermenlikli zähmet çeken adamlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanyp, weteranlar üçin uly ýeňillikleriň döredilmegini üpjün edýär. Paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi we onda dürli çäreleriň geçirilmegi uruşda wepat bolanlaryň hatyrasynyň belentden tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Beýik Ýeňiş gününde bolsa weteranlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Adamzadyň durmuşynda pajygaly wakalaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşy dünýäniň köp halklaryny uly ýitgä sezewar etdi. Bütindünýä ähmiýetli bu taryhy Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň hem öz mynasyp goşandy bar. Uruş ýyllarynda erkek adamlaryň ählisiniň diýen ýaly fronta gitmegi netijesinde erkekleriň tyldaky agyr işleriniň hemmesi gelin-gyzlaryň gerdenine düşýär. Türkmen gelin-gyzlary hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklarynda Beýik Ýeňiş, Watan üçin gije-gündiz diýmän zähmet çekýär.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna

MANYLY ÖMRÜŇ MENZILLERI 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy dogrusynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriniň ikinji kitabyndaky: «Durmuşyň her bir geçen güni şol nägehan urşuň bolan wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Emma biz şol uruşda döş gerip, Watany goran gahryman ata-babalarymyzy, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojagyny aman saklan enelerimiziň çeken hasratlaryny hiç haçan unutmarys. Olaryň görkezen gahrymançylygy şu günki Garaşsyz Watanymyzy gözümiziň göreji ýaly goramakda nesillere görelde we terbiýe mekdebidir» diýen sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Arheologik barlaglarda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, taryhymyzy we medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş işleri amala aşyrylýar. Barlag işleri geçirilýän ýadygärlikleriň biri-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly işiniň birinji kitabynda: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag, derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu ýadygärlikde ilkinji barlag işleri XX asyryň dowamynda A.A.Maruşenko, B.A.Litwinskiý hem-de W.N.Pilipko tarapyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri döwrebap enjamlar bilen öwrenilýär. Islendik ýurduň ösüşi onuň ylym-bilim ulgamynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda möhüm işleriň biri bolup durýar.

Geljege uzaýan ak ýollar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Şäheriň ak mermere beslenen ajaýyp binalary, owadan güllere we daragtlara bürenen seýilgähleri, giň we gijelerine şugla saçýan köçeleri we şaýollary göwnüňi göterýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen Aşgabat şäheri sebitde iň bir ajaýyp şäherleriň biri hasaplanýar. Paýtagtymyzyň özboluşly taryhy bar. 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky rus goşunlary Ashabad çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän Ashabad obasyna gelip girende, şol wagtlar bu ýerde 300 çemesi türkmen öýleri bar ekeni. Aşgabatda ilkinji peýda bolan köçeleriň biri-de Serkerdeler (Ofiserler) köçesi bolupdyr. Bu köçäniň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyr we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçeleriň biri bolupdyr. Ofiserler (Serkerdeler) köçesi Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanmazdan öň Karl Marks atly köçedir. Söwda (Torgowaýa) köçesi hem Aşgabatda dörän ilkinji köçeleriň biridir. Onuň ugrunda baý dükanlar ýerleşipdir. (Soňra bu köçe Žitnikowyň adyny göterýär). Bu köçe häzir Içeri işler ministrliginiň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda işlän Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär.

Doganlaşan şäherli

Ak mermere beslenen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän şu günlerde gözel paýtagtymyzyň Bütindünýä doganlaşan şäherler federasiýasynyň maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň ençeme şäherleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ösdürilýändigi baradaky amal edilýän beýik işler hakydaňa dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1957-nji ýylda raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem ýygjamlaşdyrmak, halklaryň dostlugyny berkitmek üçin Bütindünýä doganlyk şäherler federasiýasy döredildi. Onuň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň doganlaşan 3500 şäheri özara hyzmatdaşlyk saklaýar. Federasiýa şäher derejesinde global hyzmatdaşlygy, medeni gatnaşyklary ösdürmek we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda tagalla edýär. Doganlyk şäherler iki aýra döwletde ýerleşýär. Emma, olaryň medeniýet, sport, taryh we beýleki dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary, durmuşa geçirýän ýörelgeleri birdir. Halkara doganlyk şäherler guramasynyň maksady hem dünýädäki şäherleriň bilelikdäki ösüşleri netijesinde siwilizasiýanyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Meşhur alymyň gymmatly gollanmasy

Gadymy alymlaryň lukmançylyga degişli ýazan kitaplary saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki ösen döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň meşhur alymy Ahmet Bijanyň «Ýaradylan ajaýyplyklaryň geň galdyryjylygy» atly kitabynda miweleriň saglyga peýdasy giňden beýan edilýär. Bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenildi we onuň ynsan saglygy üçin bahasyz gollanmadygy ykrar edildi. Awtor ady agzalan kitabynda injiriň peýdasy, ony ulanmagyň tärleri hakda giňişleýin maglumat beripdir. Ol: «Injiriň suwuny çüýrän dişe çalsalar, peýdaly bolar. Syrkaw kişä injir hoş ýakar. Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar» diýip ýazypdyr. Orta asyrlarda adygan alym Ahmet Bijan nar agajynyň ähmiýeti barada hem şu sözleri aýdyp geçipdir: «Nar agajynyň şahasyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider». Bu usul häzirlerem ulanylýar. Nar agajynyň ýapraklary ýüň başgaplary güýeden goramak üçin ähmiýetlidir. Ýapragynyň mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýanlygy üçin ata-babalarymyz: «Naryň gabygyny bugdaýyň ýa-da arpanyň arasynda goýsaň, oňa gurt düşmez» diýip belläpdirler. Naryň gany arassalamak we azganlylygy kadalaşdyrmak ukybynyň bardygy hakda-da ata-babalarymyz köp nakyllary miras galdyrypdyrlar.

Wepalylygyň we mertligiň nusgasy

Göreniňden gözüňi dokundyrýan alabaý itini ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «Itim — gutum», «It geldi — gut geldi» diýen halk pähimlerini döredipdirler. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň etegindäki Paryzdepe ýadygärligini arheologiýa we etnografiýa nukdaýnazardan ylmy esasda çuňňur öwrenmäge badalga berdi. Bu ýadygärlikde arheolog alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň dowamynda türkmen alabaý itiniň orta asyrlara mahsus bolan, toýundan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Gymmatly tapyndynyň etnografiýa jähetden öwrenilmegi şol wagtlar Günorta Türkmenistanyň çäginde türkmeniň gujurly, aýy penje alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilendigine güwä geçýär. 2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen Şähryslam ýadygärliginde geçirilen arheologiýa we etnografiýa ylmy gözlegleriniň netijesinde, ol ýerden bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan alabaýyň aýak yzlary ýüze çykaryldy. Ylmy subutnamalar şol zamanlar kerwen ýolunyň ugry bilen argyşa gatnan kerwenlere türkmen alabaýlarynyň goragçy bolandygyny tassyklaýar. Arheologik ylmy gözlegleriň dowamynda 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş barlaglarynyň netijesinde, toýundan bişirilip ýasalan «tazyguýruk» nagyşly h

Taryhy künjege syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Edara-kärhanalarda işleýän işjeň ýaşlar üçin guralan bu syýahatyň esasy maksady olaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakdan, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradow ýaşlara etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gyzykly gürrüň berdi. Ady taryha siňen Nusaýyň we Merwiň aralygynda ýerleşýän Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galany goraýjylaryň söweş tilsimleri dogrusyndaky gürrüňler syýahata gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

Edermen türkmen alabaýy

Taryh halkymyzyň haýsydyr bir işiň başyny başlasa, oňa diňe bir ähli güýjüni we ukybyny däl, eýsem, kalbyny hem siňdirýändigini görkezýär. Çünki biziň ata-babalarymyzyň döreden medeni, ruhy we maddy gymmatlyklary teşne kalbymyza teselli berýär. Olary gorap saklamak, kämilleşdirmek we ösdürip ýetişdirmek şu günki günüň talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamaga, ýaş nesillerimizde olara söýgi döretmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygymyzy ösdürmek maksady bilen, «Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, indi her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Bu bolsa rowaçlyklardan rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz esasynda durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň döreden mertligiň we wepalylygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýlary ösdürip ýetişdirmek we onuň arassa tohumyny gorap saklamak hakynda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Ýolda wepaly ýold

Aşgabat şäheri bilen ýaşytdaş fotosuratlar

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň syýahatçylarynyň, inženerleriniň üns merkezinde durýar. Şäherimiz düýbi tutulan ilkinji ýyllaryndan başlap daşary ýurt wekillerinde uly gyzyklanma döredipdir. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelen syýahatçylar, meşhur alymlar şäherimiz barada gyzykly maglumatlary toplapdyrlar. Asly Beýik Britaniýaly tanymal syýahatçy Jon Guthrie Watson şäherimiziň düýbi tutulan ilkinji ýyllarynda Aşgabada gelip, bu ýeriň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görýär. Iňlis syýahatçysy şol döwrüň belli galalaryny, kerwensaraýlaryny, bazarlaryny we täsin binalaryny surata düşürýär.

Orta asyryň medeni ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bolan Nişapurdan gelen ýol barada köp aýdylýar. «Görogly» şadessanynda hem bu şäheriň adyna duş gelmek bolýar. Dessanda ýaş Göroglynyň Gyrata baş öwredýän mahallarynda hem onuň kybla — Günorta-Günbatar tarapa gidendigi beýan edilýär: «Nişapur Köpetdagdan Günortada — kybla tarapda ýerleşýär, şunuň özi wakalaryň bolup geçýän giňişligi hökmünde göz öňünde Köpetdagy janlandyrýar». Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bolsa, orta asyrlarda türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda, Nişapur, Buhara, Yspyhan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask ýaly ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen merkezleriniň bolandygy aýratyn bellenilip geçilýär. ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda ady agzalýan Nişapur bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlar, esasan, Sasanylar döwleti bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüň iri merkezleriniň biri bolan Nişapuryň adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar Sasany hökümdarlary Şapur I we Şapur II bilen baglanyşyklydyr. Ol rowaýatlarda Nişapuryň gadymda Nehşapur, Neýşapur, Newşahpur, Niwşahpuher, Binaşahpur ýaly atlar bilen atlandyrylandygy barada hem maglumatlar bar.

Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan

Aşgabada demir ýoluň çekilişi, onuň öz döwründäki taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň etmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle maglumatlar bilen S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy», A.Gubaýewiň «Parfiýa türkmen döwleti», S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», A.Ýazberdiýewiň «Aşgabat» sözüniň taryhy barada» atly we beýleki işlerde giňden tanyşmak bolýar. Ady agzalan ylmy çeşmelerde nygtalyşy ýaly, günbatardan çekilip başlanan demir ýol Aşgabada 1885-nji ýylyň 30-njy noýabr güni gelipdir. 1886-njy ýylda bolsa demir ýol Mara, soňra Çärjewe baryp ýetýär. On dokuz ýyllap çekilen yzygiderli zähmetiň netijesinde 1905-nji ýylda demir ýol Daşkendiň üstünden geçip, Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol bekediniň ýaýbaňlanmagy netijesinde Russiýadan, Hywadan we Buharadan gelýän harytlaryň sany artyp, adamlaryň hal-ýagdaýyna oňaýly täsir edip ugrapdyr.

Şöhratly geljegiň nury

Halkymyzyň şöhratly taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat şäheri bu gün beýik ösüşlere beslenýär. Aşgabadyň taryhy bir ýarym asyra golaýlady. Ilki bu ýerde kiçiräk şäher-gala döreýär. Köpetdagyň dag etek zolagynda Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe ýaly ekerançylygyň belli ojaklary bolan obalar döräpdir. Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan, dury gözli çeşmäniň başynda ýerleşen Aşgabat sekiz ýüz öýden ybarat oturymly ýer bolupdyr. Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biridir. Muňa Aşgabadyň ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän gadymy Jeýtun obasynyň dörändigi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde Jeýtun medeniýeti uly gymmatlyklaryň hataryna goşulandyr. Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Pessejikdepe, Gökdepe we başgada birnäçe obalar döräpdir.

Amulyň taryhy

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeni mirasymyzy, sungatymyzy, taryhymyzy düýpli öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçen zaman siwilizasiýalarynyň, halkymyzyň gadymy medeniýetiniň alamatlaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikler barmak basyp sanardan kändir. Olaryň hatarynda gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly özünde taryhymyzyň uzak döwürleriniň medeniýetini jemlän, öwrendigiňçe täze-täze taryhy maglumatlary bilen haýrana goýýan gadymy medeniýetiň ojaklary hem az däl.

Türkmen topragy — myhmansöýerligiň mekany

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýoluň ugry diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde hem meşhurlyk gazanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin biz hökmany suratda golýazmalara we ylmy çeşmelere ser salmaly bolýarys. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar». Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ençeme mekdep-medreseler, şol bir wagtyň özünde ylmy merkezler döredilipdir. Olarda ýazuw sungatyndan, hatdatlykdan, sahaplamadan, kitap bezeginden, nakgaşçylyk sungatyndan baş çykarýan ussatlar hem-de kätipler işläp, golýazma kitaplaryny döredipdirler.

Seljuklar döwründe merwde neşirýat işi

Orta asyrlarda Türkmenistanda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde, Eýranda, Hindistanda patyşalaryň köşgüniň ýanynda gadymy kitaplar saklanylýan we ýokary çeperçilik bilen bezelýän golýazmalary döredýän ýörite döwlet edarasy işläpdir. Şol edaralar öz döwründe «kitaphana» diýlip atlandyrylypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy bilen şeýle kitaphanalar döwletiň paýtagty Merwde hem köpçülikleýin gurlupdyr. Elbetde, Merwiň kitaphanalary häzirki zaman kitaphanalaryndan düýpli tapawutlanypdyr. Kitaphanalarda öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary işläpdir. Olar şol bir wagtyň özünde özboluşly neşirýat, şeýle hem, neşirýat üçin zerur bolan serişdeleri öndürýän ussahana bolup hem hyzmat edipdir. Kitaphanalara patyşa tarapyndan bellenilýän «kitapdar» baştutanlyk edip, kitaplary ýazmak, olary owadan suratlar, nagyşlar bilen bezemek we jiltlemek işleri kitapdaryň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Kitapdar golýazma kitaplaryny döretmäge gatnaşjak hatdatlary belläpdir, suratkeşiň çekjek suratynyň temasyny, suratyň kitabyň içinde ýerleşjek ýerini kesgitläpdir, nakgaşlara nagyşlaryň görnüşlerini, jiltçilere sahypalaryň we kitabyň daşynyň bezeginiň nähili bolmalydygyny görkezipdir. Şeýle hem, kitapdar kitap üçin zerur bolan ýokary hilli kagyz, syýa, reňk, dürli görnüşli ýelim, galam, çotga, jilt üçin gön we şuňa meňzeş zerur zatlary öndürýän ussahanalaryň işine-de

Şähryslamyň suw desgalary

Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkeziniň 20 kilometr demirgazygynda orta asyr Şähryslam şäheri ýerleşýär. Şähryslamda arheologik barlaglar 1898-nji ýylda F.A.Mihaýlow, 1902-nji ýylda W.W.Daýneko, 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, 1947-nji ýylda B.A.Litwinskiý hem-de W.M.Masson, 1959 — 1960-njy ýyllarda G.E.Markow we S.P.Polýakow, 1961 — 1970-nji ýyllaryň dowamynda türkmen arheologiýasyna saldamly goşant goşan alym Ý.Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda geçirilipdir. Orta asyrlarda gündogar ýurtlarynda gurlan şäherler, esasan, üç bölekden, ýagny içki galadan, esasy şäherden (şähristan) hem-de şäher eteginden (rabat) ybarat bolupdyr. Adatça, köşgüň we esasy şäheriň daşyna diňler bilen berkidilen galyň we beýik diwarlar aýlanypdyr. Köşkde şäheriň hökümdary, onuň maşgala agzalary we oňa ýakyn adamlar, şähristanda bolsa şäher ilaty, ýagny gullukçylar, emeldarlar, söwdagärler ýaşapdyr. Şäher eteginde, esasan, şäher hünärmentleri mesgen tutup, olaryň ussahanalary, önümçilik desgalary we ýaşaýyş jaýlary giň çäklere uzap, şäheriň daşyny gurşap alypdyr.

Haweran düzündäki mukaddeslik

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär. Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Nusaý gadymy gala

Geçmişde ata-babalarymyz dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, taryhy ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran Maşat-Misserian, Merw, Sarahs, Ürgenç, Abiwert ýaly şäherleriň hatarynda Nusaý galasy hem öz meşhur taryhy bilen tapawutlanýar. «Nusaý» sözüniň manysy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle maglumatlar bar. Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Nusaýly zenanlaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu şähere hem «Nisa» diýipdirler. Arapça bu söz zenan diýmegi aňladýar. Hut şu pikir beýleki taryhy çeşmelerde hem gabat gelýär. Gadymy Parfiýanyň paýtagty köne Nusaý ýadygärligidir. Nusaý galasy gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede ösen şäherleriň biri bolupdyr. Nusaý medeniýeti diňe bir şäherde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, oba ilatynyň hem aňyna doly ornaşypdyr.

Nesillere nusgalyk miras

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşilip, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz barada maglumatlary toplamaklyga we halkymyza giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikler döredildi. Şunda türkmen we hindi halkynyň taryhynda, şeýle hem Orta asyr Aziýa döwletleriniň ençemesiniň taryhynda öçmejek yz goýan Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýolunyň çuňňur öwrenilmegi babatda amal edilýän işler aýratyn buýsandyryjydyr. Görnükli döwlet işgäri, serkerde şahyr, halkymyza mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen adygan Baýram han Türkmeniň taryhda bitiren hyzmatlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk, çuňňur pelsepewi danalyk, adalat ugrunda göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan ynsanperwerlik ýörelgeleri doly beýan tapypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň Hindistandaky görnükli wekilleriniň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny gözel, nepis, ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýýan beýik söz ussadydyr». Baýram han 1526-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr tarapyndan