"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen alabaýy we arheologik miras

Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär. Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan iň gadymy medeni ojaklaryň biridir. Miladydan öňki VII-VI müňýyllyklarda ilkinji oturymly ilatyň ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanandygynyň alamatlary Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jeýtun ýadygärliginde ýüze çykaryldy.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda. ÖMÜR BEÝANY          II.

Asfalt düşeginiň taryhyndan

Asfalt önümi häzirki zaman dünýäsinde isleg bildirilýän gurluşyk harydy hökmünde bellidir. Ýöne onuň haçan we nirede ilkinji gezek taýýarlanandygy we ulanylandygy barada hemişe pikir hem edilip durlanok. Russiýada asfalt önümçiligini ilkinji gezek inžener we binagär Iwan Buttas ýola goýupdyr. Şeýlelikde, bu önüm 1873-nji ýylda Wolga derýasynyň boýunda ýerleşýän Syzran şäherinde gazylyp alnyp we işlenip taýýarlanypdyr.

Geçmişiň öçmejek yzlary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý we şöhratly taryhyny, medeni we ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak hem-de ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimiziň ruhunda ýaşlary terbiýelemek döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir. XII-XIII asyrlarda Horezmşalar-Anuşteginler türkmen döwletiniň nesilşalary öz ata-babalary bolan oguz türkmenleriniň guran döwletlerini dolandyrmakda alyp baran syýasy, sosial-ykdysady gurluşyny we medeni mirasyny dowam etdirmegi bilen yzygiderli galkynyşy gazanyp, umumadamzat siwilizasiýasynda kesgitleýji orna eýe bolan iň uly döwletleriň biridir.

Gadymy Amul galasy

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, ajaýyp zamanamyzyň many-mazmuny bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda şeýle anyk ädimleriň ädilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen mukaddeslikleriniň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine uly täsirini ýetirýär. Amyderýanyň çäklerindäki arheologiki ýadygärlikler uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Şoňa görä-de, bu ýerde geçirilen arheologik gözlegler aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ýaşan ilatyň durmuşynda gadymy döwürlerden başlap, ýaşaýşyň çeşmesi, ekerançylygyň we söwdanyň esasy bolup hyzmat eden Amyderýanyň ähmiýeti örän uludyr. Amyderýa jülgesi adamlar tarapyndan taryhyň dürli döwürlerinde işjeň özleşdirilipdir. Bar bolan arheologiki maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykda bu ýerleriň özleşdirilendigini aýtmaga doly mümkinçilik berýär.

Beýik akyldar Abu Nasr al Faraby

Beýik akyldar, Gündogar sazşynaslyk ylmynyň düýbüni tutujylaryň biri Abu Nasr Muhammet ibn Tarhan Farabynyň (IХ-Х asyrlar) geçen durmuş ýoluny öwrenen alymlar akyldaryň häzirki Lebap welaýatynyň Farap etrabyna degişli ýerde 870-nji ýylda dünýä inendigini we 950-nji ýylda Bagdadyň golaýyndaky Heýt diýlip atlandyrylýan şäherde dünýäden ötendigini belläp geçýärler.  Beýik akyldaryň türkmen diline terjime edilen «Saz ylmy» atly kitabynda onuň saz sungatyndan, ylmyň dürli ugurlaryndan, şeýle-de birnäçe dillerden ussatlyk bilen baş çykarandygy barada ençeme maglumatlar bar. Ine, olardan biri:

Oguz hanyň mizemez taglymaty

(Dünýä taryhynda ululy-kiçili ençeme döwletler guran we umumadamzat gymmatlyklaryna ajaýyp miraslary bagyşlan oguzlar we olaryň beýik mirasdüşeri türkmenler barada döredilen «Oguznamalar» barada söhbet) «Oguznamalardaky» ýaňlanýan milli watançylyga ýugrulan bu sözler seni bada-bat milli taryhymyzyň şöhratly zamanalaryny beýan edýän oguzlar we olaryň dünýä ýaýran kowmy baradaky ýazylan taryhy çeşmeler we olara taýsyz ähmiýetine bolan buýsanja besleýär!

Abiwerdden uzaýan ýol...

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň içgin öwrenilmegine, milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçmişimiziň janly şaýady bolan ýadygärliklerimiz biziň üçin ata-babalarymyzyň medeniýet derejesi baradaky täsin maglumatlaryň çeşmesidir. Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda bu barada: «Türkmenistan — Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abiwerd, Sarahs, Garagan, Täkgala, Pessejikdepe, Daşlydepe, Monjuklydepe, Şähri-Weýeňňam, Şähryslam, Oguzkent, Farawa, Maşat-Misseriýan, Daňdanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Daýahatyn, Köýtendag, Zemm, Namazgadepe we Goňurdepe ýaly bu gün dünýä ylmynyň üns merkezinde durýan, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe medeni-taryhy gymmatlyklara baý ülke. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň her haýsy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň henize çenli doly açylmadyk syrly sandygydyr» diýip, örän ýerlikli belleýär. Türkmen halky eýýäm irki orta asyrlardan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Täk-Ýazyr (Şähryslam), Nusaý, Abiwerd, Çugundurbaba (Kufen), Mäne ýaly şäherleri, medeni ojaklary döredipdirler. Häzirki wagtda gum depelerine öwrülen oba-kentlerdendir galalardan, küňreli belent diwarly şäherlerden halkymyzyň medeni mirasyny, şekillendiriş we amaly-bezeg sungatyny, umuman, hünärmentçiligini we senetkärçiligini şöhlelendirýän

Diplomat zenan saraý hatyn

Hormatly Prezidentimiz mydama agzybirlige çagyrýar, dost-doganlyga, goňşuçylyga belent sarpa goýýar. Bu däpler ata-babalarymyza mahsus bolup, olary tassyklaýan mysallara taryhy çeşmelerimizde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ejesi Saraý Hatyn Günbatarda hem-de Gündogarda diplomat zenan hökmünde tanalypdyr. Ol ýurduň içinde hem-de goňşy döwletleriň arasynda biri-biriňi sylamak, hormatlamak arkaly gatnaşygy ýola goýmak üçin gepleşikler geçiripdir. Orta asyr taryhçysy Abu Bekr Tähranynyň ýörite Akgoýunly türkmen döwletiniň belli hökümdary Uzyn Hasanyň tabşyrygy boýunça döwletiň taryhyna bagyşlap ýazan «Akgoýunly türkmenleriň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eserinde hem Saraý Hatyn bilen bagly maglumatlar beýan edilipdir. Eserde beýan edilişine görä, Akgoýunly döwletiniň hökümdary Jahangir garagoýunlylaryň tabynlygyny kabul edip, ylalaşyga razy bolanda, Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny gorap saklamak maksady bilen 1453-nji ýylda dogany Jahangirden hökümdarlygy alypdyr. Jahangir muňa garşy bolup, tagty yzyna almak üçin birnäçe gezek synanypdyr. Ol hatda Garagoýunly döwletiniň hökümdary Jahanşadan hem kömek sorapdyr. Kömege iberilen garagoýunlylaryň goşunyndan üstün çykan Uzyn Hasan doganyny Mardinde gabapdyr. Şonda Saraý Hatyn iki doganyň arasyna düşüp, olary ylalaşdyrypdyr. 1457-nji ýyldaky bu

Gadymy şäheriň taryhyndan

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun alan Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly gadymy şäherlerimiz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ylmyň gadymy merkezi hasaplanylýan Merw topragy barada gürrüň edenimizde, ol häzirki wagtda arheologiki taýdan dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. Ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar has irki döwürlerde hem ylmyň ojagy hasaplanylan Türkmenistany dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde goýdy. Gadymy türkmen alymlarynyň, ata-babalarymyzyň nesillere goýan ylmy-medeni mirasyny öwrenmegiň zerurdygyny Gahryman Arkadagymyz aýratyn belleýär. Şeýle hem şol ylmy-medeni ojaklarda kemala gelen alymlaryň ömrüniň, döredijiliginiň, ylym äleminde ýeten derejeleriniň bu günki ýaş türkmen alymlaryna nusgalyk mekdep bolmalydygyna ünsi çekýär. Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň biridir. Bu ýerde baryp Bürünç asyrynda hem ýerler emeli usul bilen suwarylypdyr. Arheologlar gadymy ilatly nokatlaryň gazuw işlerini geçirenlerinde, bu ýeriň özboluşly medeniýetiň merkezi bolandygyna şaýatlyk edýän ybadathananyň üstüni açypdyrlar. Bu bolsa Merwiň Merkezi Aziýadaky medeniýetiň iň irki nokatlarynyň biri bolandygyny görkezýär. Seljuklar döwründe Merw dünýädäki iň uly şäherleriň birine öwrülýär. Baýramaly şäheriniň ýakynynda ýerl

Gadymy Merw we Soltan Sanjar

Merw şäheri Beýik Seljuklylar döwründe söwda merkezi bolup, onda senetçilik we azyk harytlaryny satýan birnäçe bazarlar bolupdyr. Merwli söwdagärler daşary ýurtlarda hem tanalypdyr. Taryhy çeşmeler Merwiň bazarlary barada öwgüli sözleri beýan edipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw — söwdagärleriň we senetkärleriň şäherine öwrülipdir» diýip, X asyryň taryhçysy belleýär» diýip ýazýar. Orta asyr alymy Istahri öz ýazgylarynda Merwiň arassalygy, owadanlygy barada ýazyp, oňa ýokary baha beripdir. 1153-nji ýylda Balh oguzlary gozgalaň turzup, Soltan Sanjary ýesir alypdyrlar. Oguzlar ýesir alnan Soltan Sanjardan Merwi paý ýeri (ykta) hökmünde bermegini talap edipdirler. Şonda Soltan Sanjaryň jogap hökmünde «Merw — paýtagt, ol hiç kimiň paý ýeri bolup bilmez» diýen sözleri taryhyň altyn sahypalaryna girmek bilen, paýtagtyň döwlet üçin ähmiýetini beýan edýän dürdänelerdir.

Deri önümleri

Çarwaçylyk bilen meşgullanyp, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy käri ýöredip, bereket tapan pederlerimiz bakýan mallarynyň hiç bir zadyny-da yrýa etmändirleri goýundy, geçileriň, düýeleriň derisinden, ýüňünden dürli egin-eşikleri, gap-gaçlary, hojalyk üçin zerur bolan esbaplary taýýarlap, bu ýeňil bolmadyk hysyrdyly işi sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Deri önümlerini taýýarlamagyň birnäçe usullary bolup halkymyzda köplenç şeýle usul ulanylypdyr. Mal soýlan dessine deriniň iç ýüzüne birsydyrgyn duz sepip bir hepdä golaý saklapdyrlar. Soňra deriniň duzuny silkip aýryp, kölegede guradypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, derä dag borjagynyň şiresini çalyp, ýene-de on bäş gün saklapdyrlar. Duza hem-de borjagyň şiresine mazaly eýlenen deri näçe köp dursa, şonça-da berk bolupdyr. Şol günleriň dowamynda onuň ýüzi aýrylypdyr. Ata-babalarymyz meşik ediljek derini nar gabygyna eýläpdirler. Içine ýel berlen deri ak öýüň merkezindäki ojagyň ýokarsynda, tüýnükden asylyp, reňki garalýança saklanypdyr. Tüssä tutulan derä gara meşik diýlipdir.

Türkmenistanyň gadymy suw desgalary

Hormatly Prezidentimiz döwletimizde halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi we wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm we wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Bina galdyrmak medeniýeti, ýaşaýyş üçin amatly emeli giňişlikleri döredip bilmek, şäher gurluşygy bilen bagly bolan meseleleri oňaýly çözmegi başarmak jemgyýetiň taryhy ösüşiniň derejesini kesgitleýän iň bir anyk görkezijileriň biridir. Dünýäniň köp künjeklerinde gurluşyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda ýerli gurluşyk serişdeleriniň esasynda kämilleşipdir.

Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy­ny, mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni gi­ňiş­le­ýin öw­ren­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men mil­le­ti öz çyl­şy­rym­ly we tä­sin ta­ry­hy, ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri, baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len beý­le­ki halk­lar­dan düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men top­ra­gy ga­dy­my­ýet­den göz­baş alyp gaýd­ýan şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ösen ül­ke­si­dir. Ha­ly­çy­lyk, ma­ta do­ka­mak, kü­lal­çy­lyk, zer­gär­çi­lik, de­mir iş­le­mek, aý­na ýa­sa­mak ýa­ly se­net­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­niň, ylym­la­ryň we bi­lim­le­riň, me­de­ni­ýet­le­ri­ň we sun­gat­la­ryň ös­me­gi, ýurdumyzyň Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň köp ýurt­la­ry­na we ül­ke­le­ri­ne, dün­ýä ba­zar­la­ry­na ta­rap uza­ýan amat­ly söw­da ker­wen ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi or­ta asyr­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň dö­re­me­gi­ne mö­hüm iter­gi be­rip­dir. Bi­na gal­dyr­mak me­de­ni­ýe­ti, ýa­şa­ýyş üçin amat­ly eme­li gi­ňiş­lik­le­ri dö­re­dip bil­mek, şä­her gur­lu­şy­gy bi­len bag­ly bo­lan me­se­le­le­ri oňaý­ly çöz­me­gi ba­şar­mak jem­gy­ýe­tiň ta­ry­hy ösü­şi­niň de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän iň bir anyk gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň köp kün

Syr­ly geç­mişden söz açyp..

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Geljekde dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gazuw-agtaryş ýadygärliklerini gorap saklamak we ylmy esasda düýpli öwrenmek, türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlara, täze we häzirki döwre degişli taryhyny, medeniýetini öwrenmek babatda düýpli ylmy açyşlaryň ediljekdigine ynanýaryn. Her bir halkyň özüne mahsus milli medeniýeti, däp-dessury bolýar. Geçmişde ata-babalarymyz beýik döwletleri döredipdirler. Şonuň üçin türkmen topragy dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy ýurtdyr. Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, deňiz ýerinde deňzi, sährasy, derýa, köli, geň-enaýy jeňňellidir tokaýly gözel künjekli ýurdumyz bardyr biziň iliň. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli taryhy ýadygärlikleri-de diýseň täsirli bolup, her bir ynsany özüne bendi edýär. Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa düşünýän adamyň Watanyna, ulus-iline söýgüsi belentdir, juda aňyrdandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň taryhy ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ülňülerine laýyk rejelemek, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hyz

Dün­ýä do­lan owaz­lar

Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, kom­po­zi­tor Ça­ry Nu­ry­mo­wyň saz ese­ri tä­ze­çil­li­gi taý­dan kö­pö­wüş­gin­li­dir. Şeý­le bo­lan­soň, us­sadyň dö­re­di­ji­li­gi mil­li kom­po­zi­tor­çy­lyk mek­de­bi­niň bir şa­ha­sy bo­lup dur­ýar. Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dünýä inýär. Çagalygynyň hupbatly ýyllara gabat gelendigine garamazdan, ol sungata ýykgyn edip başlaýar. Özüniň erjelligi, zähmetsöýerligi bilen degişli saz sapaklaryny ykjam öwrenensoň, ol Aşgabat şäherindäki döwlet sazçylyk uçilişesinde (häzirki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) bilim alýar. Bu ýerde orkestr saz guraly goboý we sazyň nazaryýeti ugrundan okaýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewden saz döretmek boýunça tälim alýar. Bu ýol ony mukamlar älemine tarap alyp gidýär.

Gadymy Merw we Soltan Sanjar

XI — XII asyrlar Seljukly türkmenleriniň zamanasy bolup, dünýä taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Seljukly türkmenleriniň guran bu beýik döwleti özüniň höküm süren döwründe dünýäniň köp bölegine eýelik edip, dünýä mirasyna, onuň genji-hazynasyna uly goşant goşup, taryha «Beýik Seljukly türkmen döwleti» diýen at bilen girdi. Beýik Seljukly döwletiniň dürli döwürlerde dört sany paýtagty bolupdyr. Bu paýtagtlar Nişapur, Reý, Yspyhan we Merw bolupdyr. Bu şäherlerden Merwiň Diýarymyzda ýerleşmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Maru-Şahu-Jahan adyna eýe bolan Merw Soltangalanyň çäginde ýerleşip, ol Orta asyryň iň uly megapolis şäheri hökmünde ykrar edilipdir. Dünýäniň ähli künjeginden Merwe gelen ýollar şäheriň dört künjüne ýaýrapdyr» diýip ýazýar. Taryhyň dürli döwürlerinde ähmiýetini saklamagy başaran Merwiň iň pajarlap ösen döwürleriniň biri Beýik Seljuklylaryň döwründe bolupdyr. Seljuklylar 1038-nji ýylda Merwi gaznalylaryň elinden alyp, öz häkimiýetlerine birikdirmegi başarypdyrlar. 1040-njy ýyldaky meşhur Daňdanakan söweşinden soňra geçirilen geňeşde Horasanyň häkimiýetini alan Çagry beg Merwi dolandyryş merkezine öwrüpdir. Çagry begden soňra ogly Alp Arslan Horasanyň häkimi bolup, kakasynyň işlerini Merwde dowam etdiripdir.

Türk­men ala­baýy ta­ry­hy çeş­me­ler­de

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li mi­ra­sy­my­zy çuň­ňur öw­ren­mek­de, dün­ýä ýaý­mak­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men hal­ky asyr­la­ryň do­wa­myn­da umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry go­şup, onuň has-da baý­laş­ma­gy­na düýp­li iter­gi ber­di. Mil­le­ti­mi­ziň şeý­le go­şant­la­ry­nyň bi­ri hem türk­men ala­ba­ýy­dyr. Türk­men ala­baý­la­ry­nyň ta­ry­hyň ir­ki dö­wür­le­rin­den bä­ri yn­sa­nyň ýa­kyn dos­ty, aý­ryl­maz hem­ra­sy bo­lup gel­ýän­di­gi­ni ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar hem aý­dyň su­but ed­ýär. Al­tyn­de­pe­de (b.e.öň II müň­ýyl­lyk) itiň heý­kel­ji­gi­niň ga­bat gel­me­gi, De­his­tan­da (XII-XIII a.a.) ta­py­lan ka­şin ke­ra­mi­ka­syn­da ta­zy­nyň şe­ki­li­niň bol­ma­gy türk­men it­le­ri­niň ta­ry­hy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne alyp gid­ýär.

Gadymy Wasyň galalary

Gadymy döwrüň alymlary Wasyň töwereklerini «müňläp şäheriň ýurdy» diýip ykrar edipdirler. Bu baradaky gadymy ýazgylar pompeý, troýa, hytaý çeşmelerinde saklanyp galypdyr. Elbetde, dünýä ýaň salan gadymy Köneürgenjiň taryhy hem Was giňişliklerinde ýaşan halkyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Alymlaryň pikirine görä, «Was» sözi Amyderýanyň köne akymy bilen baglanyşykly bolupdyr. Derýalyk we Döwdan akymyndan Sarygamyş kölüne çenli aralygy tutýan giň, tekiz düzlük ýerlere gadymy Was diýlipdir. Şu aralykdaky şäherleri bolsa Was şäherleri diýip atlandyrypdyrlar.

IDRIS BABA «Akyldaryň gadamy düşen mukaddes ýerler» atly makalalar toplumyndan

Idris baba medresesi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň okap bilim alan ojagydyr. Ol Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly obasynyň çäginde, gojaman Jeýhunyň kenarynda ýerleşýär. Idris baba öz döwrüniň ylymly-bilimli adamy bolupdyr we birnäçe şägirtleri ösdürip ýetişdiripdir. Nyýazguly halypa, Magtymguly atamyz Idris babanyň şägirtleridir.