Bildiriş

21 Mart 2023
716

Suwuň bioserişdelerini goramak, saklamak, balyklaryň tebigy ýagdaýda üznüksiz köpelmeklerini gazanmak maksady bilen, «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda 2023-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli balyk tutmaklyga çäklendirme girizilýändigini habar berýäris.

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça bölümi.