Nusgalyk ömür

16 Mart 2023
632

Suratda: (çepden) Çary Matalow, Gurban Meredow, Aýdogdy Agabaýew, Çerkez Ataýew «Türkmenistanyň halk magaryfy» žurnalynyň işgärleri bilen. 1981 ý.
Surata düşüren Alikper Guseýnow.

Gaýyn atam, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Çary Matalow dürli ýyllarda ozalky «Türkmenistan» neşirýatynda, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde zähmet çekdi. Ol terjimeçilik işi bilen içgin meşgullanyp, rus ýazyjylarynyň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Bulardan başga-da, halypa žurnalist hökmünde öz döwrüniň zähmet pälwanlary barada uly göwrümli makalalary hem-de oçerkleri ýazdy. Onuň ýiti galamyndan çykan «Arkaýyn bol, Aman», «Altyn güýz», «Täze ýurt», «Meniň ýyldyzym» atly powestleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri.