Watana wepaly — Alabaý

16 Mart 2023
462

Asyrlaryň gatyna siňip giden meşhur taryhymyza ser salyp görenimizde, türkmen döräp, onuň şöhrata beslenen ajaýyp bedew atynyň, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý itiniň bolandygyna göz ýetirýäris. Gahryman
Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda merdana pederlerimiziň ýadawsyz yhlasy bilen biziň günlerimize çenli öz arassalygyny saklap galan türkmen alabaýlary barada täsirli gürrüňler berilýär.

Halkymyzyň nesilbaşysy Oguz hanyň kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan ajaýyp bedewi bolan. Rowaýata görä, bir gün Oguz han atamyz uzak günbatar ýurtlara tarap goşun çekip, ýola düşmekçi bolanda bir täsin gudrata duçar bolýar. Säher wagty asmandan onuň ýöriş çadyrynyň tüýnüginden ylahy nur inip, Oguz hanyň öňüne düşýär. Nuruň içinden ýogyn boýnunyň tüýleri hüžžerip duran boz (çal) möjek çykýar-da, Oguz han atamyza: «Ýörişe gideňde meni ýanyňdan goýma, başyňa injek köp belalardan seni goraryn!» diýýär.

Saparmyrat AKGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Etrek etrap bölüminiň harby gullukçysy, uly leýtenant.