Tälim algyl ussatdan

16 Mart 2023
432

Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly ýörelge ýaş nesilleriň kalbynda adamkärçiligiň, sylag-hormatyň belent nusgasyny kemala getirmekde ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin» diýen taglymatynda şygryýet äleminiň bu läheňleriniň milli  beýiklik ölçeglerinden ugur alýar.

Ussat — bu öz işine ökde hem ezber, halypalyga ýetişen ynsandyr. Çyn ussatlar baky ýaşaýandyr, çünki olaryň döreden, ýazan ýa-da bejeren zatlary, salan ymaratlary ebedi bolup, geljek nesillere ýadygär galýar. Ussat halypalaryň asylly başlangyjyny bolsa şägirtleri dowam etdirýärler, ony has hem kämilleşdirýärler. Ussadyň kesbini dowam eýläp, ony kämilleşdirmek, olaryň sylag-sarpasynyň belentde görülýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýilýär. Şägirt halypadan ozdursa hem ussadyň hormat-sylagyny saklamak ýokary adamkärçilikden nyşandyr.

Mergen GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň pasport bölüminiň müdiri, podpolkownik.