Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

9 Mart 2023
676

Türkmenistanyň halk artisti Kümüş Hezretgulyýewa öz döwründe «Hatyja», «Arzygül», «Ýelpeselendi», «Saýadym», «Garagöz», «Mährijemal» ýaly aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Halypa aýdymçy Kümüş Hezretgulyýewa milli estrada sungatymyzy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 2016-njy ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen hatyralandy.