Adyna hoş sözler söýlenýär bu gün

8 Mart 2023
570

Özüniň dürdäne setirleri bilen halkyň ýüreginde baky orun alan Magtymguly atamyzyň döredijiliginde döwrüň keşbi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi, gylyk-häsiýetleri bilen birlikde umumadamzat meseleleri-de giňden açylyp görkezilýär. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlary ruhubelentlige, pespällilige, umytly ýaşamaga, Watany, il-ýurdy söýmäge çagyrýar. Şonuň üçin hem durşy bilen akyl-paýhasa ýugrulan şol goşgular her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Akyldar şahyrymyz halkyň ykbalynyň aladasynda bolup, erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuw-umytlaryny setirlerinde beýan edip, il-gününi agzybirlige çagyrypdyr. Şahyr köňül täjini bezän ruhy ahwallaryny dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen «Türkmeniň» atly goşgusynda şeýle beýan edipdir:

Halmyrat SETDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygy.