Keçeden asmalyklar

28 Fewral 2023
427

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmeniň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde hem-de gaznasynda keçe we keçe önümleriniň onlarçasy saklanýar. Atlara basyryk, içirgi, jul, ak öýlere düşek, durluk, serpik, üzük, keçeden düýe asmalyklar, namazlyk, oýluk we bukjalar ilat tarapyndan giňden ulanylypdyr.

Adatça, türkmen toýlarynda kejebäniň iki gapdalyndan asylýan bäşburç görnüşli düýe halylary eli çeper zenanlar dokma usulynda çitip dokapdyrlar. Döwlet muzeýindäki keçeden düýe asmalyklar, bukjalar gadymy gymmatlyklar bolmak bilen, hiç haçan könelmejek kämil senedimizdir. Olaryň bu görnüşleri juda seýrek. Şol şekilli keçeden düýe asmalyklaryny Balkan welaýatynyň zenanlary taýýarlapdyrlar.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.