Halkymyzyň behişdi bedewlerine bolan buýsanjynyň beýany

23 Fewral 2023
496

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhraty äleme dolan ahalteke bedewlerimiziň gymmatyny täze mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň bu Permany taryhda asman atlary diýlip atlandyrylan behişdi bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmakda nusgalyk işleri bitiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ündän nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Ýeňiş NURGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.