Juwaz

23 Fewral 2023
493

Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň arasynda juwazyň tutýan orny uludyr.

Juwaz — bu birnäçe özara baglanyşykly agaç böleklerden ybarat desga bolup, ol künjüden ýag almak üçin ulanylýan gural. Juwazyň ýerleşdirilen jaýy aýratyn häsiýete eýedir.  Pederlerimiz jaýyň giňligini töwereginden juwaza goşulan iş maly arkaýyn aýlanyp hem-de juwaza degişli enjamlar ýerleşdirilip bilner ýaly ululykda gurupdyrlar. Ol jaýa «juwaztam», «juwazdan» ýa-da «juwazhana» diýilýär. Juwazy işledýän adama bolsa «juwazçy» ýa-da «juwazban» diýipdirler. Juwazyň däne döwýän sokusy jaýyň ortasynda ýerleşdirilipdir.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.