Ak zat alnyňa ýagşy

22 Fewral 2023
458

Halkymyzda ak reňke uly ähmiýet berilýär. Däp-dessurlarda we ýörelgelerde ak zatlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň üçinem parasatly pederlerimiz: «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen nakyly döredipdirler.

Daýhançylykda arpa, bugdaý ekmek üçin suwarmaga taýýarlanylan meýdana «ak ýer» diýilýär. Türkmençilikde ak pata bermek däbi irki döwürlerden bäri ýörgünlidir. Ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda her ýyl bugdaý, gowaça ekişine we olaryň hasylynyň ýygnalmagyna ak pata berilýär. Halypalaryň şägirtlerine ak pata bermek ýörelgesi halkymyzyň arasynda biziň döwrümize çenli ýöredilýär.

Dinara HAÝYDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.