Çopanyň ilmegi we taýagy

21 Fewral 2023
624

Ata-babalarymyz çarwa halk bolansoň düýeleri, dowarlary, sygyrlary dürli pasyllarda näjüre bakmagyň usullaryny ele alypdyrlar. Çopanlaryň mal yzynda gezmegi olaryň tomsuň jöwzasyna, gyşyň aňzagyna çydamly, sagdyn bedenli, tutanýerli, güýçli, göwresiniň deşli bolmagyna getiripdir. Alaň-açyk giň meýdanlarda padymanyň syrdaşy türkmen alabaýy mallary gorap saklamakda gäwbanyň ýardamçysy bolupdyr.

Şu ýerde çopanlar üçin çopan taýagynyň ähmiýeti hakynda durup geçmegi-de ýerlikli hasaplaýarys. Oňa könelerimiz «Pygamber taýagy» ýa-da «Bereket taýagy» hem diýipdirler. Adatça, söwütden, ýylgaýdan, sözenden ýasalan taýaklaryň uzynlygy 90-100 santimetr (12-13 tutam) bolupdyr. Ony ýitirmek, bir ýerde galdyryp gaýtmak çopançylyk bilen meşgullanýan adama mahsus däldir. Hatda çopan taýagyny nesilden-nesle geçirip hem ulanypdyrlar.

Baýramberdi GELDIMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» obasynyň ýaşaýjysy.