Sargan

15 Fewral 2023
665

Halkymyzyň durmuşynda süýt iňňän wajyp orny eýeläpdir. Şonuň netijesinde süýdi gaýtadan işlemegiň täsin tehnologiýasy döräpdir. Ene-mamalarymyzyň süýt önümlerinden taýýarlaýan tagamlarynyň biri hem sargandyr. Sargan, esasan hem, goýnuň owuz süýdünden taýýarlanýar. Ýokumly, siňňitli bolan sargan beloklara baý iýmitdir. Uýadylyp, gaty görnüşe geçenden soň ony Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerinde, ýerzeminlerde saklapdyrlar. Şol döwürde sarganda biohimiki üýtgeşmeler bolup geçýär. Sarganyň taýýarlanylyşy barada «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda hem aýratyn bellenilýär.

«Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem sargan bilen baglanyşykly pähimler getirilýär. «Geçi süýdünden sargan bolmaz, ýüňünden — ýorgan». Sargan sözüniň gelip çykyşy hem örän gyzykly. Bu söz «sarykmak» işligine ortak işliginiň «an» goşulmasynyň goşulmagyndan emele gelipdir.

Ogulnur TAGANOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.