At — döwletlilik

15 Fewral 2023
536

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi — milli atşynaslyk sungatynyň ösüşinde täze tapgyr

Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen, ýurdumyzda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky Permana gol çekmegi şöhraty dünýä dolan ýelden ýyndam bedewlerini ýakyn gardaşy, syrdaş dosty saýýan halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Şonuň bilen birlikde munuň özi şeýle ajaýyp gymmatlyklary döreden we kämillige ýetiren merdana ata-babalarymyzyň at idetmek babatda toplan tejribesiniň, seýisçilik däpleriniň bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň, täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Ogulgerek USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.