Altyn teňňedäki taryh

15 Fewral 2023
725

Watanymyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi halkyň medeniýetiniň ösmegine, baýlaşmagyna uly täsirini ýetiripdir. Biziň eýýamymyzdan öňki VI — II müňýyllyklardan başlap has giçki döwürler aralygynda ösen medeniýetli Margiana, Horezm, Seljuk imperiýasy, Merw ýaly döwletler emele gelýär.

Mary taryhy çeşmelerde Erkgala, Gäwürgala, Şaýymgala, Soltangala, Abdylla han gala we Baýramaly han gala atlary bilen hem bellidir. Bu şöhratly toprak ýazuw çeşmelerinde «Margiana», «Mary as-Şahyjan», ýagny «Merw — şalaryň göwün küýsegi» ady bilen şöhratlanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşensoň, dünýäniň çar tarapyndan gelýän kerwenler kerwensaraýlarda düşläp, bu ýerleriň bazarlarynda gyzgalaňly söwda edipdirler. Dürli wagtda dürli pullaryň ulanylandygy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.