Çerimgärlik sungaty

13 Fewral 2023
649

Halkymyzyň zergärçilik, kärizgenlik, halyçylyk ýaly sungatlary uly meşhurlyga eýedir. Milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan çerimgärlik sungaty hem ata-babalarymyzdan miras galan iň naýbaşy sungatlarymyzyň biridir. Deri bilen iş salyşýan adamlaryň yhlasy netijesinde ownuk we iri mallaryň hamyndan taýýarlanylýan dürli gön önümleri sungat derejesine ýetirilipdir. Çerimgärlik sungaty bilen meşgullanýan adamlara «çerimçiler» ýa-da «oltaňçylar» diýlipdir. Çerimçiler ownuk we iri mallaryň derisini işläp, ondan çaryk, çokaý, mesi, ädik ýaly aýakgaplary, şypyrtma, gytyk, silkme, bagana, ýarym bagana telpek ýaly başgaplary, erkek adamlar üçin deri balaklary hem tikipdirler.

Goýun derisini işläp, gaýyş derejesine ýetirmek üçin çerimçiler köp zähmet çekipdir. Munuň üçin sagdyn goýunlaryň derisi alnypdyr. Saýlanyp alnan deriler ilki aşgara ýatyrylypdyr. Aşgar taýýarlamak üçin bolsa arpanyň uny ulanylypdyr. Arpany 4-5 gün uly gapda ezip goýanlaryndan soň, oňa eýlenjek deriler ýatyrylypdyr. Birnäçe gije-gündiziň dowamynda aşgara ýatyrylan deriniň tüýi aňsatlyk bilen aýrylypdyr. Deriniň ýüzündäki ýüň galyndylary doly aýrylmadyk ýagdaýynda rende ulanylypdyr. Bulardan başga-da, goýnuň derisi uly tut ýa-da erik agaçlarynyň kömegi bilen hem ýylmanypdyr. Soňra arassalanan deri bişirilipdir. Derini bişirmek üçin ýörite palçykdan ýasalan ojaklar ulanylypdyr. Bu ojaklaryň düýbi ýaýbaňrak bolup, olaryň agzy darajykdan turba görnüşinde salnypdyr. Ojagyň bir tarapynda kiçiräk körük goýlupdyr. Bu bolsa ojakda ýakylan oduň tüsseläp durmagyna ýardam beripdir. Şol tüssä hem çerimçiler arassalanan derini tutup bişiripdirler.

Maral HOJAGULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.