Watana gulluk — beýik mertebe

9 Fewral 2023
497

Watan her bir ynsan ogly üçin tarypyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gymmatlykdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän kämil ýörelgä görä, her bir ynsan Watana, ene-ata bolan söýgüsini, yhlasyny, mähir-muhabbetini özüniň hereketi, edýän işi bilen ýüze çykarsa, bu mukaddeslikleriň öňündäki perzentlik borjuny berjaý etmegiň iň ajaýyp nusgasy hasaplanylypdyr. 

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana hyzmat etmegiň mukaddesligini her bir ynsan üçin ýol-ýörelge, şamçyrag edinip boljak derejede kämil beýan edýär: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgümizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan — biziň guwanjymyzdyr!».

Rahim ÇARYÝEW,
Daşoguz şäheriniň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.