«Durky peleň, şir mysaly...»

9 Fewral 2023
579

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň ymgyr sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini — alabaýlary ösdürip ýetişdiripdirler. Halkymyz itleri seçip-saýlamakda, köpeltmekde we kämilleşdirmekde baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda çopan durmuşynda möhüm orny eýeläpdir.

Çopanlar goýun itlerini güjüjekliginden alyp terbiýeläpdirler. Netijede, çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, örän sak we türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar ýetişdirilipdir. Itleri saýlap almak we ösdürip ýetişdirmek tärleriniň dürli görnüşleri bolupdyr. Bu babatda, ilkinji nobatda, itleriň gelip çykyşy, nesilbaşylary anyklanypdyr. Çopançylyk tejribesine laýyklykda, goýun itini edinmek däbinde güjügi öz enesine saýlatmak usullary hem ulanylypdyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, munuň üçin birnäçe usullar peýdalanylypdyr. Güjükler doglanyndan soň, haýsy güjük enesiniň ýanyna ilki barsa, şony iň dogumlysy hasaplapdyrlar ýa-da güjükler garaňky jaýa salnyp goýlanda, ene it haýsy güjügini ysyrganyp birinji tapsa, şol iň gowy it bolar diýlip çaklanypdyr. Şeýle hem haýsy güjügiň ýokarky äňi gara bolsa, olar örän batyr, sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlen pikirler dowam edipdir. Goýun itleri üçin saýlanyp-seçilen güjükler çopanlar tarapyndan dürli synaglardan geçirilipdir. Güjügiň terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdirler. Ilki bilen, iýmitlenişine has ünsli bolupdyrlar. Olary enesiniň ýanynda saklapdyrlar. Gowy häsiýetli itler kerwen bilen uzak ýurtlara hem äkidilipdir. Olar sak durup, kerweni we kerwendäki adamlary gorapdyrlar.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.