Gymmatly ýadygärlik

9 Fewral 2023
563

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Şeýle sarpaly, aýawly saklanylýan mirasyň giň ýaýran görnüşleriniň biri hökmünde resminama ýadygärlikleri hem bellenmäge mynasypdyr. Bu gymmatly ýadygärlikleri hasaba almak işi hem özboluşly bolup, olar arhiwlerde, muzeýlerde, kitaphanalarda saklanylýar. Olaryň esasy saklanylýan ýeri arhiwlerdir. «Arhiw» latyn sözi bolup, «resminamalar gaznasy» diýmegi aňladýar.

Arhiw resminamasy jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmaty taýdan uly ähmiýete eýedir. Olar bilen tanşyp, biz ynsan ykballaryna, şöhratly taryhymyza degişli maglumatlary alyp bilýäris. Ýurdumyzyň arhiwlerinde dürli döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ylymda, medeniýetde, sungatda yz galdyranlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, Watan goragynda mertlik görkezen görnükli şahslar, uruş hem zähmet weteranlary barada gymmatly maglumatlaryň uly toplumy saklanylýar. Şol resminama ýadygärlikleri öten nesilleriň mirasa, taryha gatnaşygyny hem özünde jemleýär.

Selbinýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.