«Dutar janly» diýilýändir

7 Fewral 2023
564

Asyrlaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna ruhy güýç beren saz gurallaryň hersiniň döreýşi, gelip çykyş taryhy bar. Türkmen durmuşynda adamzat ýaşaýşynyň göwün küýsegini, söýgüsini gazanan saz gurallaryň biri-de, dutar saz guralydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Asyrlar içre köňül syrdaşyna öwrülen türkmen dutary halkymyň iň meşhur, iň söýgüli saz guraly bolmagynda galýar» diýip nygtaýar.

Türkmen durmuşynda dutar gadymy ynanja görä, ol öý-ojagyň abadançylygyny, agzybirligini, rysgal-berekedini goraýar diýen ruhy ýörelgä eýeripdirler. Elbetde, dutaryň ajaýyp owazyndan dörän joşgunly aýdym-sazlar türkmeniň ruhy dünýäsine, medeni durmuşyna öz täsirini ýetiripdir. Ussat bagşy-sazandalar dutaryň ýany bilen ajaýyp goşgulary heňe salyp, dutaryň waspyny belentden-belent ýaňlandyrypdyrlar. Bu saz guralynyň beýikligi hakda Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynyň: «Ýoluňyz açyk bolsun!» bölüminde:

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.