Medeni gymmatlyklaryň mekany

28 Dekabr 2022
405

Hemişelik Bitarap Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, dünýä wagyz etmek, her bir raýatda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleriniň hem-de maddy däl milli baýlyklarymyzyň dünýä mirasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen bellemek has ýakymlydyr. Şu ýylyň 1-nji dekabrynda ýurdumyzyň hödürnamasy esasynda milli keşdeçilik sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň hataryna girizilmegi dost-doganlygy wasp etmekde, ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda möhüm ädim boldy.

Bilbil ÝOSYÝEWA,
Adalatçynyň diwanynyň baş maslahatçysy.