Sungata öwrülen senet

26 Dekabr 2022
596

Döwrüň galkynyşy göwünleriň şatlyga beslenmeginde, beýik işleriň köňüllere aýdym bolup siňmegindedir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň belent ykrarnama eýe bolmagy täze eýýamyň şanly ösüşleriniň esasydyr. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Keşdesi dünýä keşt edýän mähriban zenanlarymyzyň el hünärinden dörän bu sungat barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!». Bu aýdylanlaryň durmuş hakykatyndan üzňe däldigine bütin Ýer ýüzi aýdyň göz ýetirdi.

Aýnäzik BERDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.