Nusga bolup galsyn ilden-illere

23 Dekabr 2022
787

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aşgabat şäher zenanlar bölümi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden-illere» diýlip atlandyryldy.

Bäsleşige «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň, «Jahan» döredijilik merkeziniň, «Nur ýüpek», «Altyn sapak» modalar öýleriniň, «Göwher» hyzmat ediş öýüniň, «Zenan gülleri», «Zynat», «Maral», «Aýläle», «Aýlar» tikinçilik öýleriniň ussat tikinçileri gatnaşyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el hünäriniň döreýiş taryhy, inçe tilsimleri, özboluşly aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de bäsleşigiň şertine görä, olary tikip taýýarladylar.