Gelneje

23 Dekabr 2022
1288

Meniň saňa: «Mähribanym!» diýip ýüzlenmegim ýöne ýerden däl, gelneje! Sen agzybir ojagymyza gelin bolup ilkinji ädimiňi äden günüňden maňa mähriban bolduň. Ol wagt men ýaňy on ýaşymy doldurypdym. Alty oglanyň içinde ýeke gyz perzent bolanlygymdanmy, öýüň läligidim. Ähli aýdan-diýenim bolup durdy. Agalarym hemişe: «Jigim jan» diýip ezizlärdiler. Ejem: «Şu wagt ýekeje gyz diýip gowy görüp, elini «sowuk suwa urdurman» läliksiredýärsiňiz. Gyz perzent kişi maşgalasy. Durmuşa çyksa, baran öýünde gaty kösener. Şonuň üçin oňa şu wagtdan iş öwretjek boluň» diýip gatyrgansa, kakam: «Heniz ýaş, ulalsa öwrener gider, nesip bolsa, saňa kömekçi bolup ýetişer» diýerdi. Ejem onda-da kakamdyr agalarymyň ýok wagtynda, howly süpürdip, gap-gaç ýuwdurardy.

Gelneje! Sen geldiň welin, ähli zat üýtgäýdi. Uly agamyň öýlenýänine begenjimden ganat baglap uçaýjak bolýardym. Toý köýnekleriniň ikisini tikdirdim. Birini gelnalyja gidilende, beýlekisini agşamky toýda geýdim. Ol gün deň-duş joralarymyň arasynda men iň owadanydym. Çünki bu biziň toýumyzdy. Öýe aýak basanyňdan, uzakly gün ýanyňda oturdym. Gyzyl kürtäňi aýryp, toý lybasyny geýeniňde, ýapynjaňy göterip, yz ýanyňdan ýöräp ugradym. Şagalaňly geçen toý agşamyndan soňra, ejem elimden çekip almadyk bolsa, özümiň-ä ýanyňdan aýrylma niýetim ýokdy.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».