Miras

21 Dekabr 2022
418

Sözi manysy bilen öwren

Şu ýazgylarymyzda halkymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän söz ummanyna syýahat etmegi makul bildik. Muňa halypa mirasgär Ümür Eseniň öz muzeýindäki eksponatlaryň atlary ýazylan sanawnama sebäp boldy. Ümür aga olary sünnäläp goşgy setirlerine-de geçiripdir. Ol sanawnamada jemi dört ýüz sany zadyň ady bar. Sanawnamada öz mynasyp ornuny tapan şol zatlaryň köpüsi ulanyşdan galan. Näme, wagt öz hökümini ýöredip, isleseň-islemeseň geçip dur. Döwür-döwran-da üýtgeýär. Onsoň, ir döwürde ulanylan zatlar-da ulanyşdan galyp barýar. Ol zatlaryň ulanyşdan galmagy bilen olaryň atlary-da sözleýiş dilimizde işjeň ulanylmadan galýar. Biz öz söz gorumyza, sözlüklere esaslanyp, şol sanawnamadaky zatlaryň ýetmişe golaýynyň atlaryna düşündiriş berip, köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” gazetiniň üsti bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik. Çünki, söz, dil — baýlygymyz, il-halkymyzyň baýlygy-hazynasy bolup durýar. Halkymyzyň geçmiş-taryhyny özünde jemleýän ol sözlerde ýaş nesillerimiziň-de paýy bolmalydyr. Sanawnamada bildirge, teber, okaç, tilkiduz, depildaş, toganyk, gowuş, basgan... ýaly we başga-da birnäçe könelişen sözleri bolsa bu ugurdan gory gaýmakly adamlara goýýarys. Ilçilikdir. Şeýle adamlar il arasynda az däldir.