Nepisligi dünýä meşhur gözellik

20 Dekabr 2022
484

Tamamlanyp barýan ýylymyzda biziň her birimizi begendiren, buýsandyran wakalar köp boldy. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň dokan nepis halylary görkezildi. Haly we amaly-haşam sungatynyň sergisini synlanlar ene-mamalarymyzyň döreden el işleriniň ajaýyp nusgalarynyň kämil derejededigine, dünýä meşhurdygyna ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik döredi.

Halyçylykdyr keşdeçilik sungaty diňe gündelik durmuşymyzyň däl, eýsem toý-baýramlarymyzyň bezegleridir. Nepis halylarymyz toý-baýramlaryň gelşigi bolsa, sünnälenip keşdelenen milli we täze öwüşgin çaýylan keşdeler häzirki zaman lybaslarymyzyň bezegi. Türkmen gyz-gelinleri bu ajaýyp sungaty ýaşlygyndan öwrenýär. Özi-de, bu inçe sungaty eliňden tutup biri öwretmez, olary ululardan — mähriban eneňdir ejeňden, gyz doganlaryňdyr gelnejeleriňden görüp öwrenersiň. Kem-käs ýeriňi welin, olar ýadawsyz öwrederler. Şeýdip, türkmeniň gadymdan dowam edip gelýän bu ajaýyp sungaty seni-de öz dünýäsine dolap alar. Gyzlar bilen bile dokma dokasaň-da, ýekelikde keşde çekseň-de, sen gözellik dünýäsini döredýäniň üçin edýän pikirleriň-de gözel dünýä, ajaýyp ýaşaýyş, bagtyýar geljek hakynda bolýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.