Türkmen nakyllarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

16 Dekabr 2022
409

2. Är edenli gerek, aýal — edepli

Är-aýal diýlende, elbetde, ilkinji nobatda, maşgala göz öňüňe gelýär. Maşgala bolsa iki ýaş juwanyň sulhy alşyp, bilelikde ýaşaşyp, soňra, Hudaý berse, ogul-gyzlarynyň, agtyk-çowluklarynyň hem olara goşulmagy bilen emele gelýän, hemmesi üçin birmeňzeş gymmatlyklaryň, edim-gylymlaryň mahsus bolan ynsanlaryň toparydyr, olaryň diňe bir häsiýetlerinde ýa-da isleglerinde däl, hatda ýüz keşplerinde-de, boý-syratlarynda-da özboluşlylyk, aýratynlyk bolýar. Bu, türkmençilikde ganyň birligi bilen düşündirilýär. Umuman, ganybirlik diýseň inçe mesele, bu häzirki döwürde-de dyngysyz öwrenilip gelinýän, şonda-da doly anygyna ýetilmedik meseledir. Ine, her biri şular ýaly özboluşlylygy özünde saklaýan maşgalalardan — ganybirlikden tutuş jemgyýet emele gelýär. Şol maşgalalaryň hemmesine mahsus bolan häsiýetler birleşip we umumylaşyp, tutuş jemgyýetiň häsiýetli aýratynlyklaryna, milli häsiýetine öwrülýär. Şol häsiýetli aýratynlyklar hem bir jemgyýeti beýlekisinden aýyl-saýyl edýär, şol bir wagtyň özünde-de, tutuş jemgyýete mahsus bolan gymmatlyklar her bir maşgalany, hususan-da, täze döreýän maşgalany umumy kabul edilen gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge gözükdirýär.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.