Dynç alyş gün­le­ri­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry

24 Iýul 2022
711

Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Ýa­şyl ýaý­la» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ça­ga­la­ryň 150-si to­mus möw­sü­mi­ni ru­hu­be­lent­lik bi­len ge­çir­ýär­ler. On­da 7 – 14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­lar dynç al­ýar.

Mer­kez­de ça­ga­lar to­pa­ry­nyň dör­dü­si bo­lup, olara on iki sa­ny pe­da­gog mu­gal­lym gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Bu ýer­de möw­sü­miň tap­gyr­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Sport ýa­ryş­la­ry, çe­per dö­re­di­ji­lik, aý­dym-saz, as­falt­da su­rat çek­mek ýa­ly bäs­le­şik­le­re ça­ga­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar, küşt, şaş­ka, dü­zzüm ýa­ly oýun­lar bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Mer­kez­de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ýö­ri­te ki­tap­ha­na hem bar. Bu ýer­de ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li bo­lan er­te­ki­ler, he­ka­ýa­lar, goş­gu­lar top­lu­my, tap­ma­ça­lar bi­len bag­ly ki­tap­lar bar. Esa­sy bel­le­nil­me­li ýag­daý, bu ýer­de gur­nak­lar hem dö­re­dil­di, ýag­ny çe­per el­ler, dil­ler dün­ýä­si, su­rat­keş­lik, eko­lo­gi­ýa gur­nak­la­ry he­re­ket ed­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar öz is­leg bil­di­ren gur­nak­la­ry­na gat­naş­ýar­lar. Öz ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, oýun we sport zal­la­ryn­da ça­ga­lar wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan oýun­lar bi­len ge­çir­ýär­ler.

Öwez­dur­dy MÄM­MET­NY­ÝA­ZOW,
Ka­ka et­ra­byn­da­ky 4-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.