Sapaklary utgaşykly guramak

24 Iýul 2022
1060

Ýaş nes­le bi­lim ber­mek bi­len bir ha­tar­da, ola­ra edep-ter­bi­ýe ber­me­giň hem ze­rur­ly­gy hök­man­dyr. Mu­gal­lym okad­ýan her sa­pa­gy­ny ter­bi­ýe bi­len ut­ga­şyk­ly alyp bar­ma­ly­dyr. Şon­da ha­ky­ky kä­mil şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek müm­kin­dir. Bu bol­sa mu­gal­lym­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne bag­ly bo­lup dur­ýar.

Bil­şi­miz ýa­ly, umu­my­bi­lim eda­ra­la­ryn­da oka­dyl­ýan her bir der­siň öz ma­ny-maz­mu­ny bo­lup, olar ýaş nes­liň bi­lim alyp kä­mil­leş­me­gin­de aý­ra­tyn or­na eýe bo­lup dur­ýar. Şun­da baş­lan­gyç synp­lar­da oka­dyl­ýan ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry der­sin­de ça­ga­la­ra mil­li ter­bi­ýe me­de­ni­ýet­li bol­ma­gyň il­kin­ji bas­gan­çak­la­ry öw­re­dil­ýär. Ça­ga­la­ryň edep­li-ter­bi­ýe­li bol­ma­gy her bir ene-ata­nyň gö­wün küý­se­gi­dir. Şo­nuň üçin olar ça­ga­la­ry­nyň ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik­li sy­pat­lar­da ke­ma­la gel­me­gi­ni is­läp, ola­ry okad­ýan mu­gal­lym­la­ra uly ynam bil­dir­ýär­ler. Şeý­le mö­hüm we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da biz — mu­gal­lym­lar hem okat­ma­gyň ne­ti­je­li usul­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Bu bol­sa ça­ga­la­ryň köp­çü­lik­de, ýe­ke­lik­de, mek­dep­de öz­le­ri­ni alyp ba­ryş­la­ryn­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry der­si hem ça­ga­la­rda ki­çi­lik­den ze­rur bo­lan oňat hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de aý­ra­tyn or­na eýe bo­lup dur­ýar.

Ba­har­gül BAÝ­JA­NO­WA,
Ser­dar şä­he­rin­dä­ki 13-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.