Täze ýokary okuw mekdebi hususy pudagy, innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün eder

22 Iýul 2022
548

19-njy iýulda paýtagtymyz Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakasyna döwlet ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler täze ýokary okuw mekdebiniň innowasion bilim ojagy boljakdygyna hem-de dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň işjeň hyzmatdaşyna öwrüljekdigine, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Muňa täze ýokary okuw mekdebine degişli sanlara we maglumatlara garanyňda-da aýdyň göz ýetirmek mümkin.

■ Täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýelär.

"Nesil".