Bilim almaga isleg uly

22 Iýul 2022
656

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalary kabul etmek işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli çäre Ahal welaýatynda hem guramaçylykly ýola goýlupdyr. Talyp bolmak isleýän ýaşlardan degişli resminamalary kabul etmek üçin welaýatyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de welaýat ýörite sungat mekdebinde iş topary üstünlikli hereket edýär.

— Mekdebimizde bu jogapkärli çärä öňünden ykjam taýýarlyk işleri geçirildi. Degişli otaglar zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Ýörite bellenilen ýerinde degişli bilim ojaklaryna kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar goýuldy. Bu bolsa häzirki jogapkärli çäräniň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Welaýatymyzyň ähli etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden gelýän ýaşlar diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan hünärler boýunça degerli maglumatlary alýarlar — diýip, etrapdaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Amangözel Orazmyradowa aýdýar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).