Işewürleriň bilim ojagy gurlar

20 Iýul 2022
545

19-njy iýulda paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Ir säher bilen bu ýerde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, innowasion tehnologiýanyň, sanly ykdysadyýetiň batly depginler bilen ösýän zamanasynda döwür bilen deň gadam urmak ähli ulgamlar, şol sanda işewürlik dünýäsi üçin hem zerur şertleriň biri bolup durýar. Bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bolsa uzak geljek üçin ygtybarly binýatlyk gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň alýan biliminiň döwrüň talabyna we täze tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanmagy Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak işleri hem hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji aprelinde gol çeken Karary esasynda amala aşyryldy. Umumylykda 8 gektar meýdany eýelejek täze bilim ojagy 9 gatly esasy binadan, 6 gatly okuw binalarynyň 4-sinden, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-sinden, 1000 orunlyk mejlisler zalyndan we beýleki kömekçi desgalardan ybarat bolar. Şeýle-de, bu ýerde açyk we ýapyk sport desgalary, kitaphana, naharhana göz öňünde tutulandyr. Onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagy esasynda «Nur bina» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Bu ýokary okuw jaýynyň gurluşygyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ýörite habarçymyz.