Bagtdan paýly bagtyýar nesil

20 Iýul 2022
586

Eziz Watanymyzyň şöhratly sene ýazgysyndaky beýik başlangyçlarda, şanly özgertmelerde, rowaçlygyň ýolundaky ynamly ädimlerde türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp paýy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary berip, biziň tekliplerimizi diňlemegi, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmagy ýurdumyzyň eşretli geljegi baradaky aladadan nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym-bilim almaklary, arassa ahlakly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrundaky mümkinçilikler hem barha artýar. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine getirýär. Gazanylýan üstünliklerde bolsa «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ugurdaky tagallalar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň ruhuna ruh, gaýratyna gaýrat goşýar. Biz hem özümiz hakdaky aladany duýup, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara beren gymmatly maslahatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ahlakly ýaşlar bolmaklaryny gazanmakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekeris.

Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.