Talyplyga dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýar

19 Iýul 2022
681

Hormatly Prezidentimiziň 8-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler berkarar Watanymyzda talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu möhüm çärä biziň welaýatymyzda hem jogapkärli çemeleşilýär.

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek çäresi üçin Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeplerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Şu günler agzalan bilim ojaklarynda ýörite döredilen iş toparlary hereket edip, degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: resminamalaryň kabul edilişinden pursatlar.