Hormatly raýatlar!

12 Iýul 2022
2160

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky «Edara görnüşindäki taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagy kämilleşdirmek hakynda» 11896 belgili Karary bilen tassyklanan «Edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny dogry ýöretmek maksady bilen, welaýatyň çäginde eýeçilik görnüşine seretmezden, ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan berlen göçürmeleriň möhleti geçen edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna olaryň möhletini uzaltmaklyk, gaýtadan bellige almak ýa-da sanawdan çykarmak barada iş geçirmeklerini ýatladýarys.

Ahal welaýatynyň baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi.