Totuguşlar barada bilýärsiňizmi?

8 Noýabr 2021
1306

Mähriban çagalar, sahypamyzyň şu sanynda size totuguşlara ideg edilişi barada gürrüň bermekçi. Totuguşlaryň iýmitini, suwuny wagtly-wagtyna çalşyp, iýip-içişine, özüni duýşuna gözegçilik edip durmaly. Ketejigini arassalap, aram-aram iýip-içýän gabyny gyzgyn suw bilen ýuwmaly. Şeýle-de, otagyňyzyň äpişgedir gapylaryny ýapyp, günüň dowamynda 2-3 sagat otagyň içine goýbermeli.

Guşuň ýanynda gaty ses bilen aýdym aýdylsa ýa-da tozan sorujy işledilse, gorkmagy, näsaglamagy mümkin. Totuguşuň ketegini Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde goýmak maslahat berilmeýär. Olar oýnawaç oýnamagy halaýarlar. Ketejige salan oýnawaçlaryňyzy wagtal-wagtal çalşyp dursaňyz, guşjagaz täze oýnawaç bilen güýmener. Onuň ýüregi gysmaz ýaly söhbetdeş bolsaňyz, ketejiginiň içinde sallançak, aýnajyk, jaňjagaz asyp goýsaňyz gowy görýändir.