Türkmen tebigatynyň gözelligi

3 Noýabr 2021
1191

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň rowaçlanýan Diýaryna öwrüldi. Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, ähli ýerde arassaçylygyň, tämizligiň höküm sürmegi, tebigat gözelligi, il-günümiziň arassa howadan dem almagy, ekologiýa taýdan ýokumly önümleriň bolçulygynyň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär.

Bibi ATAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 92-nji orta mekdebiň mugallymy.