Tebigatyň gözelligi

2 Noýabr 2021
1582

Milli medeniýetimiziň genji-hazynasy bolan milli folklor eserlerimizde mukaddes toprak, ýer bilen baglanyşykly dürdäneler köpdür. Tebigat biri-biri bilen özara baglanyşykly bolan zatlaryň, janly-jandarlaryň, gapma-garşylyklaryň, hadysalaryň, wakalaryň iňňän çylşyrymly toplumydyr. Adamzat şol çylşyrymly dünýäniň bir bölegi bolandygy sebäpli, ol tebigatsyz asla oňup bilmeýär, ýöne tebigat hem adam zähmeti bilen has gözel görnüşe gelýär. Adamzat pikirlenip, döredip, öndürip, özgerdip, yz galdyryp bilmäge ukyply. Ynsan, ilki bilen, tebigata seredip, ondaky gözelliklere begenýär. Adam ogly gözelligiň goýnunda kemala gelip, şol gözellik bilen hem ýaşaýar. Ynsan öz neslinde, ilkinji nobatda, tebigata bolan söýgini döretmeli. Tebigaty aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli.

Ine, hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata-babalarymyzdan galan beýik ýörelgä esaslanylyp, häzirki wagtda bedew batly depginler bilen ösýän, özgerýän Diýarymyzda ýaş nesillerimizi zähmete, tebigata, arassa ekologiýa bolan söýgi bilen terbiýelemek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem-de, bütin dünýäde hem umumadamzat derejesindäki beýik tutumlar hökmünde ykrar edilýär. Bu gün Türkmenistan ata Watanymyz öz milli ýol-ýörelgesine esaslanýan umumadamzat bähbitli teklipleri bilen dünýäniň iň abraýly münberinden seslenýär.

Serdar ALLEKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygy.